Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi | TDH
Jemgyýet

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi

опубликованно 01.04.2020 // 512 - просмотров
 

Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde şeýle hem guramaçylyk meselesine garaldy, oňa laýyklykda, A.Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli, ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklenildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini hemişe goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Watanymyzyň geljekde hem abadançylygynyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter