Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 01.04.2020 // 570 - просмотров
 

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

1-nji derejeli ýurist Toýly Allanazarowiç Rozyýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

1-nji derejeli ýurist Kakajan Kanalowiç Amanmyradow Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Agarejep Babaniýazowiç Gurdow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Geldimyrat Baýramdurdyýewiç Amanow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begenç Öwlýakulyýewiç Rahmedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

2-nji derejeli ýurist Mekan Orazmyradowiç Baýramgeldiýew Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

2-nji derejeli ýurist Atamyrat Husaýynowiç Tölegow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Akmurat Rahmedowiç Ahmedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter