Gämi gurluşyk | TDH
Jemgyýet

Gämi gurluşyk

опубликованно 12.08.2015 // 1470 - просмотров
 

Şu günler Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Ozal habar berilişi ýaly, 2015-nji ýylda ýigitleriň we gyzlaryň 15 müňden gowragy okuw mekdepleriniň 1-nji ýyl talyplary bolar. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek, şol sanda täze hünärleriň açylmagynyň hasabyna 900 adam köpeldi. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty “Gämi gurluşyk” hünärine ilkinji gezek talyplary kabul edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin, şol sanda deňiz ulaglary pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.

“Türkmen ýaşlarynyň dünýä ölçegleriniň derejesinde döwrebap bilim almagy, saýlan hünärini üstünlikli öwrenmegi, dünýägaraýşyny giňeltmegi, alan bilimini we başarnygyny iş ýüzünde peýdalanmagy üçin döwletimiz ähli şertleri we mümkinçilikleri döreder” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan ulag-üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň depginini güýçlendirmegiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wezipelerini üstünlikli çözmegiň wajyp usuly hökmünde ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Şu maksat bilen “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” döwrebap ulag geçelgeleri, şol sanda deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlarylary yzygiderli ýola goýulýar. Bu bolsa Ýewraziýa giňişliginde ikitaraplaýyn amatly sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilikler döredýär.

Göz öňünde tutulýan taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenbaşy şäherinde gurulýan täze Halkara deňiz menziline aýratyn ähmiýet berilýär. Bu giň gerimli maýa goýum taslamasynda parom, ýolagçy we ýük terminallarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem topluma umumy ýük terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, gämi gurluşyk zawody, awtomobil we demir girelge ýollarynyň şahalary hem-de beýleki düzümleriniň desgalary girýär. Köp ugurly menziliň ýyllyk geçirijilik kuwwaty dürli ýükleriň 15 million tonnasyna barabar bolar.

Deňiz duralgasy howpsuzlygy hem-de gämi gatnawlarynyň we ýük daşamagyň netijeliligini, şeýle hem daşky gurşawy goramagy üpjün etmek üçin zerur döwrebap-enjamlaryň toplumy bilen üpjün ediler. Menziliň suw çäklerinde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik etmek hem-de dolandyrmak awtomatlaşdyrlan ulgamyň hem-de elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylar. Hazar deňziniň tebigy durkuny gorap saklamak üçin terminallaryň her birinde bioarassalaýjy enjamlar gurnalar. Taslama “Ýaşyl menzil” halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip düzüldi. 2017-nji ýylyň dekabryna çenli taslamany doly durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda gämi gurluşyk pudagynyň döremegini alamatlandyrjak gämi gurluşygy zawody milli ykdysadyýetimiz üçin täze ugry bolar. 166 müň inedördül meýdany eýelejek bu desga önümçilik meýdançalaryny, dolandyryş, tehniki we hyzmat ediş binalarynylaryny öz içine alar. Zawodyň taslama kuwwatlylygy häzirki zaman tehnologiýa enjamlaryny we awtomatlaşdyrylan ulgamlary peýdalanmak bilen ýylda 4-6 gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da bu ýokary tehnologiýaly kärhanada dürli görnüşli gämileriň: tankerleriň, ýük gämileriniň, tirkegleriň doly abatlaýyş işleri geçiriler. Şeýlelikde, bu zawod Türkmen deňiz söwda flotynyň kemala gelmegine we kämilleşmegine güýçli itergi berer.

Deňiz flotuny ösdürmek Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan ýurdumyzyň daşary söwda-da bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň, dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna goşulyşmagynyň esasy şertidir. Soňky 6 ýylyň dowamynda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň garamagyna iň häzirkizaman tankerleriň 7-si: “Sumbar”, “Hazar”, “Jeýhun”, “Bitarap”, “Etrek”, “Alaja”, “Kenar” tankerleri gelip gowuşdy. Olaryň hemmesi ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda iň oňat ugur alyş enjamlary, hemra aragatnaşyk ulgamlary we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

Häzirki wagtda bu gämiler Hazaryň türkmen kenarynyň ugry boýunça Alajadan we Ekeremden Kenar şäherçesiniň nebit terminalyna nebit çig malyny daşamak üçin ulanylýar. Şol ýerden nebit Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gelýär. Mundan başga-da, bu tankerler daşary ýurt sarp edijilerine dizel ýangyjyny, benzin, mazut we beýleki nebit önümlerini Hazarýaka döwletlerine eltmek üçin yzygiderli ýüzüşi amala aşyrýarlar.

“Çarlak” ýolagçy gämisiniň gurulmagy türkmen gämi gurluşygynda aýratyn waka boldy. Çünki bu gämi Türkmenbaşy deňiz menzilinde türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýygnalan ilkinji gämidir. Häzir 320 ýolagçyny kabul etmäge ukyply “Çarlak” Türkmenbaşy-Gyzylsuw adasy we Türkmenbaşy-Hazar aralyklaryna gatnaýar. Şeýle hem bu gämi Türkmenbaşy şäherinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna çenli deňiz gezelençlerini guramakda peýdalanylýar.

Bulardan başga-da, durky täzelenen deňiz menzili hojalygynyň gämileriniň “Älem”, “Jahan”, “Seýil” we “Gudrat” atly tirkeg gämileri bilen üsti ýetirildi.

Geçen ýylyň dekabrynda “Berkarar” gämisi Türkmenbaşy şäherine getirildi. “RORAX” kysymly ýolagçylary gatnatmak, ýük awtomobillerini we beýleki ulag serişdelerini daşamak üçin niýetlenen döwrebap gämi Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada guruldy. Şertnama boýunça şunuň ýaly “Bagtyýar” gämisiniň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Bularyň hemmesi “Türkmenbaşy halkara deňiz portyny we Türkmenistanyň deňiz söwda flotyny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş maksatnamasynyň” yzygiderli amala aşyrylýanlygynyň subutnamasydyr.

Hazar deňziniň kenarynda gurulýan täze deňiz menzili döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň möhüm bölegi bolar. Ol Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Ýewraziýa giňişligindäki ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açar we sebitara gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin geljegine güýçli itergi berer.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýany, Hazarýaka döwletlerini soňlygynda Ýewropa ýurtlaryna çykarjak Kawkaz we Gara deňiz sebitleri bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadynyň tutulýandygyny aýtmak bolar. Şeýle hem tutuş Orta Aziýanyň deňiz derwezesi boljak Türkmenbaşy halkara menzili Hytaý, Hindistan, Päkistan we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly wajyp ykdysady merkezlere çykarjak günorta we gündogar ugurlarynda ulag düzümini giňeltmegiň geljegini hem göz öňünde tutýar.

Täze menzil milli ykdysadyýetimiziň ilerlemegine, senagat we ulag düzümleriniň ösüşine, iri maýa goýumlaryny çekmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça güýçli itergi berer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna ýardam eder.

Mahlasy, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk inistitutynda “Gämi gurluşygy” hünäri boýunça bilim aljak talyplar gämi gurluşyk zawodynda işlemek üçin zerur bolan nazary bilimleri we amaly endikleri özleşdirerler. Bu ýerde gämi gurluşygynda ulanylýan demir örtüklerini işläp taýýarlamak hem-de demir serişdelerini kesmek, gäminiň suduryny we beýleki deňiz hem-de derýa tehnikalaryny düzmek, gämileriň sütünlerini we bölek şaýlaryny taýýarlamak boýunça resminamalaryň işlenip düzülmegi, gäminiň bölümlerini ýygnamak hem-de kebşirlemek boýunça tehnologiki işleriň amala aşyrylmagy, gäminiň daşky sütünlerini abatlamak we olary gaýtadan ulanmak tehnologiýalary boýunça işler ýerine ýetiriler.

Şeýlelikde geljekki ýokary bilimli hünärmenler ylmy-barlag, taslama, oýlap tapmak, işläp düzmek, önümçiligi guramak, deňiz ulaglarynyň tehniki hyzmaty we olary abatlamak ýaly işleri öwrenerler. Gämiler, umman tehniki serişdeleri, olaryň gurnalyşy, esasy hem-de kömekçi güýç beriji we ýerine ýetiriji enjamlar, önümçilik tehnologiýalary, şeýle hem deňiz tehnikasyna erk etmekde peýdalanylýan taslama üpjünçilikleri we kompýuter tehnologiýalary uçurumlaryň hünär işlerine degişli bolar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty ýurdumyzdaky iri ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Bu institutda täze hünär okuwynyň açylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň ýolunda wajyp ädimdir.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter