Taryhy-medeni miras—milletiň bahasyz baýlygy | TDH
Jemgyýet

Taryhy-medeni miras—milletiň bahasyz baýlygy

опубликованно 13.08.2015 // 2000 - просмотров
 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän “Miras” ylmy köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

“Miras” žurnaly örän köp mowzukly bolmak bilen, onuň sahypalarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli taryhçylarynyň, arheologlarynyň, etnograflarynyň, medeniýeti, dili we edebiýaty öwrenijileriň makalalary çap edilýär. Ylmy makalalarda gadymy we täze taryhy eýýamyň gazananlary, ýeten derejesi giňden beýan edilýär we daşary ýurtlarda alnyp barylýan ylmy işleriň netijeleri hakynda maglumatlar berilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän döwürleýin neşirde taryhy-medeni mirasy, gadymy golýazmalary gorap saklamak, taryhyň amaly meselelerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly mowzuklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem žurnalda ylmyň we milli hem-de dünýä edebiýatynyň ösüşine sadamly goşant goşan taryhy şahslar barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň 2015-nji ýyldaky ikinji sanynda edebi ýadygärlikleriň barlaglary, milli taryhy-medeni mirasy goramagyň hukuk esaslary, türkmenleriň dünýäniň halklary bilen köpasyrlyk gatnaşyklary, Gadymy Merwiň taryhy, halk döredijiligini ösdürmegiň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada giňişleýin makalalar ýerleşdirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli tutuş halkymyza iberen gutlaglary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem žurnalda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyna degişli wakalara syn berilýär.

Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat, gündogary öwreniş we ýazuw mirasy institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Fazýullo Boboýowiň Abunasr Utbiniň “Döwletiň sütüniniň taryhy” atly ýyl ýazgylarynyň stilistik we edebi aýratynlyklary” bilen baglanyşykly makalasy žurnalyň başynda ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtory Х asyryň ahyrlarynyň ХI asyryň başlarynyň belli taryhçysy we şahyry Utbiniň ylmy işlerini seljerýär. Bellenilişi ýaly, Utbiniň kapiýalaşdyrylan kyssa bilen ýazylan işi “umuman alnanda Orta Aziýanyň medeniýetniň we edebiýatynyň hem-de türkmen halkynyň kemala gelmeginiň taryhy boýunça iň gymmatly çeşme hasaplanýar we ol birnäçe şahsy gözegçilikleriň hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň köpdügi bilen häsiýetlenýär. Beýik taryhçy, hemmetaraplaýyn bilimi bolan dilçi we ylahyýetçi ymam Muhammad ibn Jarir at-Tabariniň “Döwletiň sütüniniň taryhy” atly işinde hijri senesi boýunça şol döwürde bolup geçen wakalar sene tertibinde beýan edilýär. Bu eseriň mazmunyna, onuň neşiriniň taryhyna we terjimelerine syn bermek bilen, täjik alymy edebi ýadygärligiň çuňňur öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtaýar. Hünärmenleriň baş maksady bu taryhy çeşmeleriň sene aýratynlyklaryny öwrenmek bilen bir hatarda onuň edebi stilistiki aýratynlyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Žurnalyň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde ýurdumyzyň alymlarynyň türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyny gorap saklamak meselelerine we bu işiň hukuk ulgamyna bagyşlanan makalalary ýerleşdirilipdir. Onuň awtorlary Türkmenistanda döredilen we medeniýet ulgamyna goldaw bermäge gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýändigini, onuň milli kanunçylygymyzyň halkara-hukuk namalarynyň talabyny özünde jemleýändigini, şeýlelikde türkmen halkynyň medeni-taryhy mirasynyň ähmiýetiniň dünýä derejesinde ykrar edilmegini şertlendirýändigini belleýärler. Biziň ýudumyda we halkara derejesinde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de ony dünýä ýüzünde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmek bilen, alymlar bu möhüm işe mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň, şol sanda ulgamyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belleýärler.

Kazan uniwersitetiniň at gazanan professory, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Hatip Minnegulowyň türkmen we tatar halklarynyň köpasyrlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan makalasy žurnalyň bu bölümini dowam edýär. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, aradaşlyga garamazdan, biziň halklarymyzyň taryhy ykbaly umumy ýa-da meňzeş bolupdyr. Türkmenleriň hem, tatarlaryň hem etniki taýdan kemala gelmeginde gelip çykyşy taýdan Altaý, Sibir, Merkezi Aziýa bilen bagly bolan ägirt uly türki gatlak örän möhüm orun eýeleýär. Tatar alymy bu çaklamany edebi çeşmelere esaslanmak arkaly doganlyk halklaryň gadymy we häzirkizaman gatnaşyklarynyň maglumatlary arkaly berkidýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde Kurgan-Týubeniň döwlet uniwersitetiniň prorektory—fizika-matematika ylymlaryň doktory we taryhy ylmylarynyň kandidaty Abdulhaý Kamilowyň “Akademiýa” we “akademiki ylymlar” düşünjeleriniň gelip çykyşynyň taryhy” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli bolan döwürde akademiýanyň döreýiş taryhy we emele gelşi hakynda gyzykly maglumatlar getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, orta asyrlar musulman Gündogaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, alymyň belleýşi ýaly, bu döwür ylmyň taryhynda, tutuşlygyna alnanda bolsa, akademiki ylmyň taryhynda az öwrenilen tapgyr bolup durýar. Şeýle hem makalada orta asyr musulman dünýäsiniň alymlarynyň işi, olaryň ylmyň, aýratyn-da tebigy ylymlaryň ösüşine goşandy hakynda gürrüň berilýär.

Žurnal bütin dünýä taryhynda Gadymy Merwiň ornuna we ähmiýetine bagyşlanan barlaglary çap etmegi dowam edýär. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dürýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmeginiň çäklerinde şu ýyl Maryda geçirilýän çäreleri, ylmy forumlary nazara alanyňda bu mowzuk has-da wajypdyr. Awtor Merwiň seljuklar eýýamynda gülläp ösen döwrüne, has takygy Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden ýyllaryna aýratyn ünsi çekýär. Ylmy barlaglar örän baý taryhy çeşmelere esaslanýar. Bu bolsa okyjylara Gadymy Merwiň umumadamzat ösüşine goşan goşandynyň möçberlerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Türkmen alymy Ýazgylyç Orazgylyjowyň “Gadymy Merw beýik seljuklar zamanynda” atly ylmy makalasynda Merwiň gadymy galalarynyň çuňňur öwrenilmeginiň, onuň çuňluklarynda we medeni gatlaklarynda bar bolan syrlaryň açylmagynyň uly geljeginiň bardygyny belleýär.

Žurnalyň täze sanynyň başky sahabynda görnükli orta asyr türkmen alymy Şemseddin Merweziniň heýkeliniň suratynyň ýerleşdirilmeginde özboluşly many bar. ХI asyryň ahyrynda ХII asyryň başlarynda ýaşan we döreden şöhratly astronom döwründe ylmyň we medeniýetiň merkezi diýlip ykrar edilen Merw şäheriniň eteginde doglupdyr hem-de bütin ömrüne Soltan Sanjaryň köşgünde gulluk edipdir.

Halkara okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen “Miras” žurnaly Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüne degişli ylmy-barlaglaryň netijeleri, onuň döredijilik mirasy hakyndaky makalalar toplumyny yzygiderli çap edýär. Çünki türkmen halkynyň beýik ogluna, onuň pelsepewi garaýyşlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine, şahyrana döredijilerine bolan dünýä derejesindäki gyzyklanmalar peselmeýär. Şunuň bilen baglylykda, Al-Horezmi adyndaky Ürgenç döwlet uniwersitetiniň özbek edebiýaty kafedrasynyň dosenti dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Sanat Saryýewiň “Magtymgulynyň şygyrýeti we özbek halk bagşylarynyň döredijiligi” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtory Magtymgulynyň döredijiliginiň esasynda ýazuw edebiýatynyň we halk döredijiliginiň özara baglanyşygyny we özara täsirini belleýär. Özbek halk bagşylary “Görogly” eposyndan dilden-dile geçip gelýän şahalaryny we elýazma nusgalaryny aýdym edip aýdýarlar.

“Ylmy we medeni durmuş habarlary” bölümi “Miras” žurnalynyň nobatdaky sanynyň jemini jemleýär. Onda şu ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyna degişli wakalar toplumy barada gürrüň berilýär. Bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym we medeniýet ulgamlarynda yzygiderli durmuşa geçirýän we halkara hyzmatdaşlyk ugruny nazarlaýan hem-de tutuş dünýäde biziň ýurdumyzyň abraýynyň pugtalanmagyna gönükdirilen durmuş ulgamyna degişli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi giňden beýan edilýär. Bu bölümde Türkmenistanyň Bitaraplyk we Parahatçylyk hem-de türkmen döwletiniň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere we olaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwürleýin neşiriň täze sany köp sanly suratlar bilen bezelipdir. Olar “Mras” žurnalynyň makalalarynyň täsirligini artdyrýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter