Sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 10.04.2020 // 259 - просмотров
 

Şu gün wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Garalan meseleleriň hatarynda 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama laýyklykda, Aral deňzi sebitinde ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge gönükdirilen möhüm meseleler boýunça öňe sürlen teklipleriň we başlangyçlaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak ýaly wezipeler bar.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde bolan VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşlarynda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Milli Liderimiziň öňe süren tekliplerinde ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak bilen, abraýly guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugyň esasynda netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak üçin tagallalary etmegiň zerurdygy nygtaldy. Sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşi hem-de durmuş abadançylygy suw serişdelerine ählumumy elýeterlilik hem-de onuň oba hojalyk zerurlyklary üçin netijeli peýdalanylmagyna bagly bolup durýar.

Türkmenistan öz tarapyndan durmuş-ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleriň çözgüdi boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Munuň özi sebit we ählumumy möçberde örän ähmiýetlidir.

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar geçen ýylyň ösüş suwlary berilýän döwründe suwuň sarp edilişiniň, şeýle hem 2020-nji ýyl üçin kesgitlenen suw gorlaryna geçirilen seljermeleriň netijelerine garadylar we sebitiň esasy derýalarynyň suw akabalarynyň iş tertibine çaklama berdiler.

AHHG-nyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter