Sanly tehnologiýalar — halkara ylmy hyzmatdaşlygyň hereketlendirijisi | TDH
Jemgyýet

Sanly tehnologiýalar — halkara ylmy hyzmatdaşlygyň hereketlendirijisi

опубликованно 10.04.2020 // 607 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ilkinji halkara ylmy-amaly onlaýn maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä ýurdumyzyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wýetnamyň görnükli ylmy işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy.

Hususan-da, bu gezekki wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şertlerinde we bu abraýly derejäniň tutuş dünýäniň ylmy bileleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna edýän täsiriniň netijesinde, internetiň we sanly tehnologiýanyň ösüşi maslahatda seredilen esasy meseleler boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak — dünýä ösüşiniň esasy şerti. Ol biziň gündelik durmuşymyza we hünär işimize barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýlelikde, biziň öňümizde bu ýagdaýlary has-da işjeňleşdirmek meseleleri durýar.

«Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda ylmy hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň ýaly köptaraplaýyn maksatnamalaryň esasynda jemgyýetiň aň-bilim we döredijilik mümkinçilikleri ýokarlanýar. Ýaş alymlary hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda uly ösüşler gazanylýar.

Ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär, hünär institutlarynyň düzümi kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmakda we döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda ylmyň eýeleýän orny barha pugtalanýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylmyň gazananlaryny we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, täzeçil tehnologiýalary alyşmak hem-de olary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Ýaponiýanyň Kanagawa, Hirosaki, Tohoku uniwersitetleriniň, Bolgariýanyň Angela Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň, Rumyniýanyň Buharest politehniki uniwersitetiniň mugallymlary talyplar üçin wajyp mowzuklar boýunça çykyşlary guradylar. Olarda kremniý karbidiniň nano gatlaklaryny almagyň we ýarym geçiriji elektron gurallaryň önümçiliginiň tehnologiýasy, energetikada nano serişdelerini ulanmak, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, daşky gurşawy goramak we ekologiýa wezipelerini çözmek hem-de başga-da köp sanly ugurlar boýunça robot tehnikasyny ulanmagyň usullary ýaly meseleler beýan edildi.

Bilermenleriň pikirine görä, öňe sürlen taslamalar hem-de başlangyçlar Türkmenistanda amala aşyrmak üçin döwrebaplaşdyrylar we uýgunlaşdyrylar. Wýetnamyň Ho Şi Min adyndaky Halkara uniwersitetiniň hem-de Germaniýanyň Leýbnis adyndaky kristallary öwrenmek ylmy-barlag institutynyň wekilleri bilelikdäki barlaglar üçin uly geljegi bolan işläp taýýarlamalaryny görkezdiler.

Sanly we intellektual tehnologiýalaryň esasynda uzak aralykdan okatmagyň täzeçil usullaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn duşuşygy oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.

Teleköprüleriň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň durnukly ösüşiň hem-de ýurdumyzyň dünýä giňişliginde syýasy, ykdysady we ylmy gatnaşyklarynda abraýynyň hem-de ornunyň pugtalanýandygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter