Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly sammitine gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly sammitine gatnaşdy

опубликованно 10.04.2020 // 924 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra, häzirki döwürde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk edýän Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň haýyşy boýunça bu Geňeşiň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy.

Onuň gün tertibine Geňeşe agza döwletleriň koronawirus pandemiýasyna garşy durmakdaky tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Soňra sammitde çykyş eden hormatly Prezidentimiz wideomaslahata gatnaşyjylara tüýs ýürekden salam bilen ýüzlenip, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň Baştutanlaryna berk jan saglyk, alyp barýan döwlet we halkara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe şu maslahaty guramak baradaky başlangyjy öňe sürendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu maslahat ählumumy häsiýete eýe bolan we dünýäniň ähli döwletlerine täsir edýän örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikleri döreder diýip belledi.

Häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri öz içine alýan, köp döwletleriň we halklaryň ýaşaýyş-durmuşyna ýaramaz täsir edýän täze örän düýpli howpa gabat geldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin özara pikir alyşmalar zerur bolup durýar.

Häzirki kynçylykly şertlerde halklarymyza mahsus bolan ynsanperwerlik, özara goldaw bermek, raýdaşlyk ýaly oňat häsiýetlerini görkezmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki döwürde çözgütler kabul edilende aýratyn jogapkärli bolunmagynyň, bu babatda hemmetaraplaýyn oýlanmagyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz diňe bilelikdäki tagallalar arkaly bu ugurda gowy netijeleriň gazanyljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, halkara bileleşige jogapkärli gatnaşyjy bolan Türkmenistan bu howpuň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyndan işjeň gatnaşygy ýola goýdy diýip belledi.

Ýurdumyzda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň içinde hem ähli saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin biz ähli zerur serişdeleri satyn alýarys. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu edaralar iň döwrebap enjamlar, özbaşdak gorag serişdeleri, test-ulgamy, lukmançylyk serişdeleri we beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda arassaçylyk we fitoarassaçylyk, weterinariýa gözegçilik ulgamy takyk işleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhediniň ähli barlag-goýberiş nokatlarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki degişli döwlet edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat toparlar iş alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Olaryň esasy wezipesi ýokary derejede arassaçylygy üpjün etmek, çäkleri dermanlamak, zyýansyzlandyrmak we beýleki ugurlar boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, koronawirus ýokanjyna garşy göreşde düşündiriş işlerini alyp barmak örän möhümdir. Bu çäreler ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda, ýagny çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, harby bölümlerde, edara-kärhanalarda alnyp barylýar. Adamlara köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalary, şahsy arassaçylygyň düzgünleri düşündirilýär we beýleki zerur maglumatlar berilýär.

Öz wagtynda görlen bu çäreleriň netijesinde, Türkmenistanda arassaçylyk- epidemiologik ýagdaýlar durnukly bolmagynda galýar we gözegçilikde berk saklanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu ugurda zerur bolan ähli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Biziň ileri tutýan esasy wezipämiz adamlaryň howpsuzlygyny, durmuşyny we saglygyny üpjün etmekdir. Döwletimiz munuň üçin ähli tagallalary eder.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda ýagdaýyň örän agyrdygyna düşünmek bilen, Türkmenistanyň häzirki şertlerde döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnukly bolmagyny üpjün etmegi zerur hasaplaýandygyny belledi.

Türkmenistan ýakyn gatnaşyk edýän hyzmatdaşlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletleri bilen bu gatnaşyklaryň yzygiderli, özara haryt ibermek we ýükleri üstaşyr daşamak ulgamynyň ygtybarly bolmagyny saklap galmak üçin zerur işleri geçirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikdäki tagallasy netijesinde, Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy we Baku deňiz menzilleriniň arasynda gämi gatnawlarynyň dowam edýändigini belledi. Munuň özi giň geoykdysady giňişlikde ýük gatnawlaryny üpjün edýän möhüm ulag ýoly bolup durýar.

Sebitiň hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki tagallalar Gündogar — Günbatar we Demirgazyk —–Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň işiniň kadaly ýola goýulmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Umuman, men Ýewraziýada halkara hyzmatdaşlyk amala aşyrylanda biziň ähli döwletlerimiziň öz tebigy çäklerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini aýtmak isleýärin. Bu ýagdaý biziň üstümize aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Şoňa görä-de, kontinentde ykdysady ýagdaýlaryň häzirki döwürde we geljekde durnukly bolmagy biziň sazlaşykly hem-de utgaşykly işlemegimize köp derejede baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Saglygy goraýyş ulgamynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy biziň bilelikdäki işlerimiziň netijeli bolmagynyň möhüm şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de emele gelen ýeňil bolmadyk häzirki şertlerde koronawirus ýokanjyna garşy göreşde toplanan tejribäni we bilimleri alyşmagyň, howply ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamagyň, häzirki zaman lukmançylyk serişdelerini döretmegiň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda teleköprüleri, wideomaslahatlary guramak, uzak aralykdan pikir alyşmagyň beýleki usullaryny ulanmak ýaly görnüşlerini teklip etdi. Bu möhüm işlere tejribeli lukmanlar, alymlar, bilermenler we lukmançylyk ulgamynyň ähli wekilleri giňden gatnaşdyrylmalydyr. Şeýle hem täze howplara garşy göreşmek we emele gelen kynçylyklary ýeňip geçmek bilen bagly iş alyp barýan beýleki düzümleri hem-de pudak edaralary çekilmelidir.

Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we emele gelen ýagdaý sebäpli, öz ýurtlarynyň çäginiň daşynda galan raýatlara ynsanperwerlikli garamagyň hem-de olara zerur bolan goldawy bermegiň möhümdigini aýtdy.

“Umumy taryhymyz, ýokary ruhy hem-de ýaşaýyş-durmuş gymmatlyklarymyz birleşdirýän doganlyk döwletler hökmünde biz bu ýagdaýy häzirki döwürde doly derejede göz öňünde tutmalydyrys” diýip, milli Liderimiz belledi.

Öz ýurtlarynda bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna hoşniýetli garaýandyklary we olar barada alada edýändikleri üçin döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz öz tarapyndan, olaryň döwletimiziň çäklerinde bolýan raýatlaryna hemişe şeýle garalandygyna we geljekde hem garaljakdygyna ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki çylşyrymly döwürde emele gelen kynçylyklaryň bilelikde abraý bilen ýeňip geçiljekdigine, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanjakdygyna berk ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter