Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 17.04.2020 // 759 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri, maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny özgertmek işlerine aýratyn gözegçilik edilýär.

Sanly ulgama geçmek boýunça konsepsiýalary durmuşa geçirmegiň barşy bilen bagly meseleler hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn görkezijileri gazanmak üçin häzir ulanylýan ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň maksatlaýyn görnüşi ösüşiň esasy ugurlaryny, tapgyrlaryny, serişdelerini we usullaryny amatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär diýip belledi.

Milli Liderimiz Hökümetiň Başlygynyň orunbasarynyň ünsüni gözegçilik edýän ähli ulgamlarynyň işine yzygiderli üns bermegiň, olaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagyň möhümdigine çekdi.

Hormatly Prezidentimiz konseptual resminamalarda kesgitlenilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyryp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz senagatyny kämilleşdirmek, önümçilige döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp düzmeleri ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologik maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda düzgünleşdirilýär, bu gaznanyň işini we onda saklanylýan maglumatlary alyp barmagyň hem-de peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibiniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu taslamada, esasan, ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen geologik, geofiziki, gidro-geologiki işler, inžener-geologik gözlegler, geologik-surata düşüriş we beýleki geologik-gözleg işleriniň ähli görnüşleri boýunça hasabatlary umumylaşdyrmak we ulgamlaýyn esasda dolandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Geologiýa gaznasynda saklanylýan hasabatlary peýdalanmagyň, elektron göterijilerde ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini üpjün etmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geljek üçin kesgitlenen meýilnamalaryň nebitgaz, himiýa, dag-magdan we beýleki pudaklaryň mineral-çig mal binýadyny yzygiderli giňeltmegi talap edýändigini belledi.

Şunda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny öwrenmäge, netijeli we oýlanyşykly peýdalanmaga toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň dürli pudaklaryna döwrebap elektron tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň, beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işleriň gerimini giňeltmek barada görkezme berdi.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda hem-de maýa goýumlaryny çekmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, gowaça ekişini bellenilen möhletde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary bökdençsiz işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur guramaçylyk çäreleriniň görülýändigini habar berdi.

Şeýle hem şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Şol işler bilen bir hatarda, galla oragyna taýýarlyk görlüp, galla kabul ediş bölümlerinde abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilýär, däne ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, 82 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek boýunça Kararyň taslamasy hödürlenildi. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna hem-de Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, obasenagat toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek hem-de degişlilikde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin bu oba hojalyk möwsüminiň ähmiýeti örän uludyr.

Döwlet Baştutanymyz ýakynlap gelýän galla oragyna düýpli taýýarlyk görülmegine, gallaçylaryň netijeli işlemegi üçin degişli şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu oba hojalyk ekininiň ýurdumyzyň ilaty üçin däbe öwrülen azyk önümidigini nazara almak bilen, resminamada kesgitlenilen wezipeleri amala aşyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny has-da berkitmek, obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hasabyna halkymyzyň azyk önümleriniň köpdürlüligini üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan azyk önümleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça wezipelere ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýyl ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen önümçilik we durmuş maksatly iri desgalarda gurluşyk işleriniň ilerledilişi barada hasabat berdi.

Soňra wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow çagyryldy. Ministr senagat düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, magdan känlerini ylmy esasda özleşdirip, olaryň gorlaryny häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede gaýtadan işlemek boýunça, şeýle hem ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň görnüşlerini hem-de taýýarlanylýan mukdaryny artdyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem örtgi we bezeg gurluşyk önümleriniň önümçiliginde ýurdumyzda bar bolan magdan däl materiallary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

«Gaýly», «Düzmergen» we «Şagadam» ýataklarynda ýüze çykarylan hek daşlar we bloklar «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan täzeden işlenilip, owadan daşky görnüşi hem-de ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýan ýokary hilli granit we mermer plitalary taýýarlamakda ulanylýar.

Bu känlerde ýüze çykarylan granitiň we bezeg daşlarynyň nusgalary döwlet Baştutanymyza görkezildi. Şol önümleriň häsiýetleriniň hem-de baý reňk öwüşginleriniň netijesinde, olar binalaryň daşky hem-de içki bezeg işlerinde, diwarlarynda ulanylar.

Habar berlişi ýaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Gaýly» ýatagynyň gyzylymtyl-gülgüne reňkli hek daşlary binalaryň içki we daşky diwarlaryny bezemekde peýdalanyp bolar.

«Düzmergen» ýatagy Balkanabat şäheriniň 10 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, sarymtyl-ak we açyk goňur reňkli hek daşlaryny binalaryň içki bezeginde ulanyp bolar.

«Şagadam» granit we tuflaryň meýdançasy Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» belentliginde ýerleşýär. Bu ýerden gazylyp alynýan peýdaly dag jynsy ýaşyl we çal reňkli bolup, olary ýokary bezeg işlerinde hem-de desgalaryň içki we daşky diwarlarynda ulanmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyna we ýerine ýetirilişiniň hiline berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän möhümdigi barada aýdyp, senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine bar bolan kärhanalaryň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmagyň we içerki bazarda isleg bildirilýän, hili boýunça ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän gurluşyk önümlerini çykarmaga ýöriteleşen täze önümçilikleri ýola goýmagyň mümkinçiliklerini has giňişleýin öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz peýdaly gazylyp alynýan ýerli känlere barlag geçirmek we senagat taýdan işjeň özleşdirmek, gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek hem-de uly islegden peýdalanýan täze ýokary hilli önümleriň çykarylmagyny ýola goýmak boýunça görülýän çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň ösüşine we kämilleşmegine ýokary depgin berjekdigini belledi.

Mundan başga-da, isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň özümizde öndürilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk desgalarynyň depginini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, täze iş orunlarynyň döredilmegine we beýlekilere ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň alyp barýan depginli işleriniň öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmegine hem-de Diýarymyzy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagatlaşdyrmak baradaky we ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönüden-göni hyzmat edýändigini belläp, bu resminamalarda kesgitlenilen işleri öz wagtynda amala aşyrmaga aýratyn üns bermek barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýük dolanyşygyny artdyrmak we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan degişli işlere seljeriş geçirildi.

Üstaşyr ýük daşamagyň aglaba böleginiň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty — Özbegistan ugry boýunça, Altyn asyr (Etrek) — Gazagystan ugry boýunça hem-de beýleki üstaşyr ugurlar boýunça amala aşyrylýandygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, portuň üstaşyr geçirmek kuwwatyny has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerine garalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlarynda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmegiň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksadynyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, örän uly ähmiýete eýedir. Şunda tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşalyşynyň artmagy üçin mümkinçilikleri ep-esli ýokarlandyrýan gämi we port hojalygy möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümleri häzirki hem-de geljekde ýokary hilli tekliplere we ýokary derejeli hyzmatlara boljak islegleri kanagatlandyryp bilýär. Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymyň ýük daşalyşynyň logistiki halkalarynda strategik üýtgeşmelere getirip biler. Has gysga we amatly gatnawlar üçin iň oňaýly ugurlar hökmünde Diýarymyzyň ýük düşüriş we ýükleýiş terminallary möhüm halka öwrüler diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr-ulag we logistiki kuwwatyny amala aşyrmak babatda strategik ähmiýetli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine örän uly üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bellenen meýilnamalary mundan beýläk-de ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň çäklerini giňeltmek hem-de içerki bazary doldurmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça teklipleri milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Pagta üçin döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri tarapyndan dünýä bazaryndaky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, pagta önümleriniň bahalary deslapdan hasaplanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, çig mal bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynda tehnologik innowasiýalary işläp taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň, bu ulgamda haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we önümçiligiň ýokary derejesini saklamak üçin ätiýaçlyklary üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, dokma önümleriniň täze görnüşleriniň hasabyna çykarylýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegine dahylly meselelere-de ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek «Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly XII ylmy maslahatyň çäklerinde 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň tanyşdyryş dabarasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, türkmen alymlary hem-de hünärmenleri tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde işler alnyp barylýar. Ýaz möwsüminde geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, türkmen bedewiniň şekili suratlandyrylan birnäçe gymmatly arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.

Wise-premýer şolary wideoşekiller arkaly görkezmek bilen, tapyndylaryň öwrenilip, barlaghanalarda arassalanyp, rejelenip, muzeý gaznasyna tabşyrmaga taýýar edilendigini habar berdi. «Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly XII ylmy maslahatyň çäklerinde bu gymmatly arheologik tapyndylaryň sergisini we tanyşdyryş dabarasyny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baý milli medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegiň hem-de dünýä ýaýmagyň möhümdigini belledi. Arheologik gözlegler kämil medeniýeti döreden ata-babalary bolan türkmen halkynyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny ylmy taýdan esaslandyrylýan maglumatlar şaýatlyk edýär.

Mysal üçin, dünýä ýüzüniň alymlary merkezi Goňurdepe bolan Marguş ýurdunyň Gadymy Müsür, Hindistan, Hytaý we Mesopotamiýa bilen bir hatarda, dünýä siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň bäşisiniň biri bolandygyny tassyklaýarlar. Bu ýerde halkara söwda we medeni gatnaşyklary gülläp ösüpdir.

Toplanan milli gymmatlyklar, taryhy tejribe — bular uly baýlyk bolup, biz olary häzirki we geljekki nesillerimize ýetirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny we pudaklaýyn düzümini, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly teleýaýlymlaryň, kitaphanalaryň, teatrlaryň we muzeýleriň mümkinçiliklerini doly derejede, netijeli ulanmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Ozal we soňky geçirilen arheologik gözlegler türkmenlerde atçylygyň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Bedew biziň halkymyz üçin maşgala agzasy hasaplanyp, ähli gymmatlyklardan zyýada bolup durýar. Bedewleriň şan-şöhraty asyrlaryň dowamynda saklanyp galar, çünki ahalteke bedewlerine bolan söýgi türkmeniň ganynda bolup, nesilden-nesle geçip gelýär diýip, milli Liderimiz wise-premýere behişdi bedewleriň hormatyna geçiriljek tanyşdyryş sergisiniň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy artdyrmak hem-de dünýä ýaýmak jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu meseleleri öwrenmek üçin hem-de umuman, ýokary hünär bilimini bermek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, iş topary döredilip, onuň düzümine Bilim, Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň hünärmenleri girdi.

Topar bilim edaralaryny bu sanawa goşmak üçin halkara guramalar tarapyndan kesgitlenilen ähli görkezijileri öwrenip, «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny» taýýarlady.

Meýilnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri halkara akkreditasiýa alarlar, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligi ýola goýlar, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribäniň esasynda okuw we ylmy işlerine innowasion usullar ornaşdyrylar.

Şeýle hem ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary bilim ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän düýpli özgertmeler hem-de täze taryhy eýýamyň ägirt uly işleri hut bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesine, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylyşyna köp babatda baglydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejeli abraýly ýokary okuw mekdepleriň sanawyna goşulmagynyň türkmenistanlylaryň ýaş neslini ruhubelent okamaga, täze bilimleri hem-de häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmäge gönükdirjekdigini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylyň dekabr aýynda milli Liderimiziň degişli Kararyna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Maksatnamany netijeli durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin Utgaşdyryjy topar döredildi. Onuň 15-nji aprelde DIM-de geçirilen mejlisiniň barşynda ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine seljerme berildi hem-de ýurdumyzyň daşary-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça teklipler beýan edildi.

Hususan-da, bu maksatnamanyň çäklerinde halkara guramalar we maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meselelere garaldy. Şu babatda 15-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmak meseleleri boýunça Hökümet toparynyň mejlisiniň geçirilendigi bellenildi.

Şonuň barşynda BSG-de ýurdumyza synçy derejesini bermek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň hem-de halkara tejribäniň netijelerinden ugur alnyp, ýakyn wagtda degişli teklipleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen bir hatarda, 14-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Ýewropanyň we Aziýanyň ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly hem-de ulag geçelgelerini ösdürmegiň halkara hukuk binýadyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideo görnüşde iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň ugurdaş halkara resminamalaryň birnäçesine goşulmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, 23-nji aprelde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen bilelikde awtomobil ulaglarynyň hem-de ýurdumyza girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek meseleleri boýunça wideomaslahaty guramak meýilleşdirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen amala aşyrylýan taslamalary görkezmek bolar. 22-nji aprelde UNCTAD hem-de ýurdumyzyň degişli edaralary bilen bilelikde ornaşdyrylýan «ASYCUDA World» ulgamy arkaly Türkmenistanyň ähli gümrük nokatlarynda «Bir penjire» toruny ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe halkara derejesini kesgitlemek babatda «Fitch Ratings» halkara agentliginiň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň özbaşdak reýtingini almak boýunça teklipler taýýarlanyldy hem-de bu agentlik bilen degişli şertnamany baglaşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Dürli ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ikitaraplaýyn hökümetara toparyň işine möhüm orun berilýär. 17-nji aprelde Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň çäklerinde wideokonferensiýa geçirmek meýilleşdirildi.

Şeýle hem şu aýda halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň mejlisini geçirmek teklip edilýär. Hasabat berlişi ýaly, 18-nji fewralda Rumyniýanyň DIM-nde «Hazar deňzi — Gara deňzi halkara ulag geçelgesi» taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň ilçileriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.

Onuň barşynda şu ýylyň maý aýynyň birinji ýarymynda Hazar deňzi — Gara deňzi üstaşyr we ulag ugruny döretmek hem-de durmuşa geçirmek hakynda dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy boýunça hünärmenler derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirmek ylalaşyldy.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň degişli döwlet edaralarynyň derejesinde iki ýurduň deňiz portlaryny durnukly ulag ulgamy bilen birikdirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň pudak edaralarynyň we daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň arasynda ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda käbir resminamalara gol çekilendigi, şolary durmuşa geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Daşary ýurt maýadarlaryny Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen yzygiderli esasda giňden tanyşdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary-ykdysady işlerini giňeltmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bar bolan ägirt uly mümkinçiligiň esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläkki maksada gönükdirilen işler möhümdir diýip belledi.

Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz gatnaşyklaryň täze görnüşlerini tapmagyň, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bolşy ýaly, onuň innowasion ulgamlarynda hem täze bilelikdäki taslamalara çykmagyň zerurdygyny nygtady.

Häzir senagatlaşdyrmaga, ýokary tehnologiýaly diwersifikasiýa ýoly bilen ösen, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän senagaty kemala getirmäge tarap alnan ugur ýurdumyz üçin ileri tutulýan derejede ähmiýetlidir, bu bolsa Diýarymyzda dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň eksport edilýän mukdaryny artdyrmak üçin mümkinçilik döreder.

Hususy ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanymyz bu babatda işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly maksadalaýyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky meseläni dowam edip, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biriniň ýaýbaňlandyrylan üstaşyr-ulag we logistiki düzümleriň bolmagyndan ybaratdygyny, şolaryň dürli ugurlar boýunça durnukly ýük daşalyşyny üpjün edýändigini belledi. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz aýdylanlary umumylaşdyryp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu maksatnamany iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, ilkinji nobatdaky birnäçe wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň durnukly depginini saklamak üçin ulgamlaýyn çäreleriň görülmelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işlerine itergi berýän, Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawyny giňeltmegiň hem-de eksportynyň mukdaryny artdyrmagyň gurallaryny hemişe kämilleşdirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny köpeltmek üçin çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek wezipesinde ulag ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek boýunça anyk tabşyryk berdi.

Gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmak arkaly gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak baradaky meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter