Türkmenistanyň — Bitaraplygyň mekanynyň daşary syýasaty | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň — Bitaraplygyň mekanynyň daşary syýasaty

 

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň şu ýyl çapdan çykan ilkinji sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata aýratyn orun berdi.

Abraýly guramalaryň wekilleri çagyrylan şol iri maslahat «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2020-nji ýylyň dowamynda meýilleşdirilen toý çärelerine badalga berdi.

Bu mowzuga bagyşlanan makalalaryň toplumy milli Liderimiziň şol maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzyň tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden belleýändigini ýatlatmak bilen, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, ýurduň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir diýip belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi.

Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, BMG bu ýerde Bitaraplyga mahsus bolan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler.

Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň netijeliligini, onuň ýörelgeleriniň halkara bileleşigiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa tassykladylar.

Olar žurnalyň sahypalarynda çap edilen makalalarynda türkmen tarapy bilen netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny resmi taýdan kabul eden hem-de olary milli meýilnamalaryna we durmuş-ykdysady maksatnamalaryna uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy. Başy başlanan başlangyçlary ilerletmek, özara gatnaşyklaryň görnüşlerini we meýdançalaryny ösdürmek, şeýle hem parahatçylygyň we durnuklylygyň hatyrasyna möhüm ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça bilelikdäki uly işler garaşýar.

Şeýle hem Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostlukly, birek-birege hormat goýulýan gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berýär. 11-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Ilham Aliýew bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleri bu babatda aýdyň mysal boldy.

Ýokary derejede geçirilen nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini, şeýle hem dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we nukdaýnazarlaryň ýakyndygyny kanagatlanma bilen bellediler hem-de iki ýurduň hem hormat goýmak hem-de milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerinde guralýan, däbe öwrülen hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge ymtylýandygyny tassykladylar.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihil žurnalyň sahypalarynda Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi ýola goýmakda berilýän goldaw üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistan ençeme ýyllaryň dowamynda goňşy ýurda ykdysady we ynsanperwer kömegini berip gelýär. Şol kömek saglygy goraýyş we bilim edaralaryny gurup bermekde, elektrik energiýasyny ýeňillikli bahalar bilen ugratmakda, ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli iberilmeginde, berilýän kömegiň beýleki görnüşlerinde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly, möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly üns berilýär. Olaryň durmuşa geçirilmegi Owganystany syýasy taýdan durnuklaşdyrmagyň, ykdysady we durmuş taýdan dikeltmegiň, onuň sebit we dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulmagynyň möhüm şertidir.

Neşirde gozgalan, derwaýys bolup durýan beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzy Bitaraplyk syýasatynyň esasynda ösdürmekde ileri tutulýan halkara ýörelgeler, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň goşandy, daşary ykdysady işleri kämilleşdirmekde oňyn başlangyçlaryň ähmiýeti bilen baglydyr.

Makalalaryň awtorlary parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruny işjeň amala aşyrmagy netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýynyň örän artandygyny belleýärler.

Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly forumlar, sergiler, dünýäniň dürli ýurtlarynyň hem-de abraýly guramalarynyň wekiliýetleri bilen geçirilýän syýasy geňeşmeler, gepleşikler şol ugruň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Diplomatik durmuşyň senenamasy» atly däbe öwrülen rubrikada şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Aşgabatda we daşary ýurtlarda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada gürrüň berilýär.

Şeýlelikde, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde makalalary çap edýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy taglymatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmek bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň öňünde durýan belent maksatlara hem-de wezipelere halkara bileleşiginiň oňat düşünmegine ýardam edýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter