Türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri

 

Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Işjeňlik, oňyn ýagdaýda geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Pursatdan peýdalanyp, OYR-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylygy we durnuklylygy, bu ýurduň ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmekde owgan halkyna berilýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Owganystanyň Hökümeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli, parahatçylykly syýasaty alyp barýan goňşy Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagyna ýokary derejede gyzyklanma bildirýär.

Ýurdumyzyň wekilleri Türkmenistanyň OYR bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, geljekde hem goňşy ýurda ýardam bermäge taýýardygyny tassykladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ozal gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki tagallalary jemlemegiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Munuň özi, ilki bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça täze döwletara energiýa köprüsiniň — ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň giň gerimli taslamalarynyň ilerledilmegine degişlidir, Günorta — Gündogar gaz geçirijisi boýunça Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen tebigy gazy uzak möhletleýin esasda iberiler.

Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalaryň çäklerinde dünýä bileleşigi üçin ýeňil bolmadyk häzirki wagtda has ýakyn hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Geňeşmeleriň barşynda mäkäm dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň iki ýurduň we tutuşlygyna sebitiň halklarynyň bähbidine geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter