Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon söhbetdeşligi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon söhbetdeşligi

 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Milli Liderimiz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda strategik häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Şunda sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň wajyp şerti, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň orny aýratyn nygtaldy. Türkmen Bitaraplygynyň dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň binýatlaýyn ýörelgelerine laýyk gelýändigini iş ýüzünde tassyklaýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy ýurdumyzyň dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlary tutuşlygyna we doly goldaýar, muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary kabul etmegi hem şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanda BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsüne ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şu ýyl biziň hemmämiz üçin ýubileý ýylydyr. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 75 ýyl hem-de bu guramanyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu şanly seneleriň mynasyp derejede belleniljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, bu düzümler bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäni tolgundyrýan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly meselä deglip geçildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri gurşap alan hem-de köp sanly döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän täze, örän howply ýagdaýa gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykan bu howpa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirjek ýeke-täk, hemmetaraplaýyn halkara düzüm hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýeti öňküden-de ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, dünýäde durnukly ýagdaýy gorap saklamak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň edýän tagallalarynyň häzirki çylşyrymly döwürde raýdaşlyk ýagdaýyny döredýändigini hem-de ähli döwletleriň sazlaşykly hereket etmegi üçin esas bolup hyzmat edýändigini belledi.

Şu ýylyň 23-nji martynda Baş sekretaryň dünýä halklaryna koronawirus pandemiýasy zerarly ählumumy ylalaşyga gelmek barada çagyryş bilen ýüzlenmegi häzirki şertlerde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistan bu başlangyjy doly goldaýar. Biz bu başlangyja giňişleýin, ýagny ýurtlary jebisleşmäge, häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşde tagallalary birleşdirmäge çagyryş hökmünde garaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn orun degişlidir. Bu diplomatiýa häzirki döwürde halkara ähmiýetli meseleleri çözmegiň esasy usullarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasynda ulanýan ägirt uly syýasy-diplomatik serişdeleri çylşyrymly halkara meseleleri çözmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olaryň sebäplerini aradan aýyrmagyň berk esasy bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşýän Türkmenistanyň mundan beýläk hem bu merkeziň alyp barýan işlerini ýakyndan goldajakdygyna, onuň möhüm sebit taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki döwürde ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we beýleki goňşy döwletler bilen bilelikde işlemekde toplanylan tejribe barada gysgaça durup geçdi. Hususan-da, käbir ýurtlar, mysal üçin, Özbegistan we Azerbaýjan bilen biz bilelikdäki serhetlerimizde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça arkalaşykly işleýäris.

Şonuň bilen birlikde, häzirki çylşyrymly döwürde sebitimizdäki ýurtlar bir-birine özara ynsanperwer goldawyny berýär. Mysal üçin, Türkmenistan goňşy Eýran döwletine ynsanperwerlik kömegini iberdi. Owganystanda ykdysady we durmuş taslamalaryny amala aşyrmagy ýokary depginler bilen dowam edýär. Özbek we gazak goňşularymyz bilen bilelikde biz raýatlarymyzyň öz ýurtlarymyzyň çäklerinde bolmagyna amatly şertleri döretmek üçin birnäçe çäreleri amala aşyrdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Koronawirusa garşy göreşmäge gönükdirilen öňüni alyş çäreleriniň, şeýle hem beýleki işleriň uly ähmiýetiniň bardygyna düşünip, ýurdumyz bu işleri yzygiderli alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 30-njy martynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşe taýýar bolmak we bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky Milli meýilnamalary taýýarlamak hakynda BMG-niň Baş sekretarynyň öňe süren teklibi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Hökümeti häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de ýurtlar boýunça agentlikleri bilen bilelikde döwletimiz üçin Milli meýilnamany taýýarlamak işlerini tamamlap barýar. Bu meýilnama ýakyn wagtda serediler.

Hormatly Prezidentimiz pandemiýa garşy alnyp barylýan göreşde ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryny hem, umuman, dünýä ykdysadyýetini hem kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýän işiň täze görnüşleriniň we usullaryň gözleniljekdigine ynam bildirdi. Munuň üçin halkara bileleşigiň ýokary derejede jebisleşmegini üpjün etmeli. Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny taýýarlamaly we ornaşdyrmaly.

Bu işlerde Birleşen Milletler Guramasyna esasy utgaşdyryjy orun degişlidir. Bu guramanyň howandarlygynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek bilen bagly wezipeleri çözmek üçin Türkmenistan öz tejribesini hem-de mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biz ulag serişdeleriniň dünýäde hojalyk gatnaşyklarynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýandygyna düşünýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy durnukly ulag ulgamy boýunça üç sany Rezolýusiýany kabul etdi. Şol Rezolýusiýalary öňe süren biziň döwletimiz adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usullaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz BMG-niň çäklerinde ähli agza döwletleriň, ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň, dünýä maliýe edaralarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplaryň gatnaşmagynda ulag meselesi boýunça giňişleýin köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip aýtdy. Häzirki kynçylykly şertlerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag-kommunikasiýa meseleleri boýunça Rezolýusiýasy ýa-da beýleki bir resminamasy şeýle gepleşikleriň esasy netijesi bolup bilerdi.

Häzirki döwürde giň halkara gatnaşyklar bolmazdan, öňde duran ähli wezipeleri üstünlikli çözmek mümkin däldir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýeňil bolmadyk häzirki döwürde biziň kynçylyklary bilelikde abraý bilen ýeňip geçjekdigimize hem-de hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitjekdigimize ynanýaryn diýip milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işlerini berk goldaýandygyny, ýurdumyzyň BMG bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň soňky ýyllarda barha ösdürilýän, maksada okgunly we anyk häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi üýtgewsiz ugur edinýändikleri tassyklanyldy.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär, bu maksatnamanyň tanyşdyrylyşy we oňa gol çekmek dabarasy mart aýynda Aşgabatda geçirildi. Şunda ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanan üstünlikleri, şeýle hem onuň işjeň parahatçylyk söýüjilik işiniň hem-de sebit we ählumumy meselelerine gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Jenap Antoniu Guterriş BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň aýratyn ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde özüni görkezendigini aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege saglyk we üstünlikler arzuw edip, uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon söhbetdeşligi BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter