Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

опубликованно 29.04.2020 // 257 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirilip, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-niň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, german tarapyndan bolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, şeýle hem okgunly ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, daşky gurşawy goramak we oba hojalygy ulgamynda gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýin taslamalaryň birnäçesi, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi» taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, ÝB hem-de onuň düzümine girýän ýurtlar tebigy ekoulgamy ýerli, milli we ählumumy derejede saklamak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen ýygjam işleşýärler. Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şol sanda bioköpdürlüligi gorap saklamak, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak hem-de suw serişdelerini dolandyrmak sebit üçin möhüm meseleler bolup durýar. Diýmek, olary çözmäge utgaşykly çemeleşmeleriň işlenilip taýýarlanylmagy talap edilýär.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi sebit we sebitara derejesinde ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn taýýardygyny görkezýän strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklary ählitaraplaýyn giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Bu ýere ýygnananlar daşky gurşawy goramak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan anyk işler hem-de yzygiderli çäreler bilen giňişleýin tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şeýle hem daşky gurşawa oýlanyşykly hem-de aýawly garamak, ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine umumy ekologiýa meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalarynda Türkmenistanyň barha artýan orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistanyň tekliplerini öňe sürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-german duşuşygyna gatnaşyjylar bilelikdäki täze taslamalary hem-de maksatnamalary mundan beýläk-de işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtap, umumy maksatlara we wezipelere kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bu düzümi döretmek hakynda çözgüt 2019-njy ýylyň maýynda taraplaryň özara gyzyklanmasynyň esasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda kabul edildi. Geňeşiň birinji mejlisi geçen ýyl birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi.

Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisde Astrahan oblastyna birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, «Olýa» deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary, beýleki jogapkär adamlar wekilçilik etdiler.

Bilelikdäki geňeşiň mejlisine gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly häsiýeti netijesinde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we artýan depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerinde guralýar.

RF-iň sebitleri hem-de iri senagat we medeni merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, täze bazarlary özleşdirmek, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistan Hazar sebitinde Astrahan oblastynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Biziň ykdysadyýetlerimiz biri-biriniň üstüni ýetirýär diýip, geňeşiň Astrahan tarapynyň başlygy, Astrahan oblastynyň senagat we tebigy serişdeler ministri Denis Afanasýew belledi. Şeýle hem onuň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň Hazar sebitindäki paýtagty hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Şol maksatnamalar senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmagy, ýokary tehnologiýalary ulanmagy hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmegi ugur edinýär.

Deňiz arkaly ýük daşamak, logistika, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bilen «Olýa» Halkara deňiz söwda portunyň arasynda awtoporom gatnaşyklaryny guramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de onuň sanawyny giňeltmek, hususan-da, astrahanly oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň önümlerini Türkmenistanyň bazaryna getirmek hem-de Türkmenistanda öndürilen magdan däl serişdeleri we dokma harytlaryny Astrahan oblastyna ibermek bilen bagly netijeli gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlar boýunça türkmen-russiýa gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly geçirilýän işlere kanagatlanma bildirip, türkmen we astrahan işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine seretdiler.

***

Şu gün Aşgabatda ýerleşen BMG-niň wekilhanasynyň binasynda wideomaslahat geçirildi. Oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleri hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamany işläp taýýarlamak, öňde goýlan wezipeleri çözmek maksadynda tejribe alyşmak hem-de umumy tagallalary birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlemek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmak babatda 2014 — 2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli maksatnamada olary öz wagtynda ýüze çykarmak boýunça çäreleri güýçlendirmek göz öňünde tutuldy. Bu işler BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde häzir hem dowam etdirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda 2021 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamany we hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin Ýörite işçi topary döredildi.

Halkara bilermenleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda milli maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde üstünlikli işler dowam etdirilýär hem-de türkmen nusgasy döredilip, onuň esasynda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny gowulandyrmak, türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek hem-de zyýanly endiklerden ýüz öwürmek ýaly wezipeler durýar. Saglygy goraýyş maksatnamalaryny amala aşyrmakda Türkmenistanyň tejribesi BSGG tarapyndan nusga alarlyk diýlip ykrar edildi hem-de olary peýdalanmak beýleki ýurtlara maslahat berildi.

Giňden ýaýran ýokanç däl keselleriň, şol sanda düwnük, ýürek-damar, süýji ýaly keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça bilelikdäki işleriň käbir ugurlary söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Taraplar şeýle hem innowasion tehnologiýalara, milli we sebit derejesinde degişli lukmançylyk we barlaghana maglumatlaryna deňhukukly elýeterliligiň zerurdygyny aýratyn bellediler. Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistana bu möhüm ugurda öz işläp düzen maslahatlaryny bermäge taýýardygyny aýtdylar.

***

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo «Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlyk: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» diýen mowzuk boýunça beýan okady. Bu ýokary okuw mekdebiniň hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, şeýle hem DIM-niň wekilleri onuň diňleýjileri boldular.

Lassina Zerbonyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasy ösüş nusgasyny seçip almagynyň milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini ynamly aýtmak bolar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Konferensiýasy Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýadro synaglary hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň işine işjeň gatnaşmagy Türkmenistanyň bu ugra ygrarly bolup galýandygyny tassyklaýar.

Beýanyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň alyp barýan ugry aýdyň we takyk bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Lassina Zerbo türkmen döwletiniň alyp barýan ugruna ýokary baha berdi. Türkmenistan ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna, ilkinji nobatda, BMG-niň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça konwensiýalaryna goşulmak bilen, durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy dünýä hereketine işjeň gatnaşýar.

Sebitiň beýleki döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek hakynda şertnama goşulmagy bu babatda nusga alarlyk mysal boldy.

Beýan tamamlanandan soň, diňleýjilere onlaýn görnüşde guramanyň Ýerine ýetiriji sekretaryna sowallary bermek mümkinçiligi döredildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter