Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 30.04.2020 // 312 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetlilik we raýdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligi Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde beriljek azyk önümleriniň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bolsa azyk önümlerini taýýarlamakda, olary ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Daşary işler ministrligine ýardam bermäge borçly edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter