Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza Eýranyň Prezidenti, Kuweýtiň Emiri we Omanyň Soltany mähirli gutlaglaryny iberdiler | TDH
Syýasat habarlary

Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza Eýranyň Prezidenti, Kuweýtiň Emiri we Omanyň Soltany mähirli gutlaglaryny iberdiler

опубликованно 30.04.2020 // 191 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Gurhanyň inderilen nurana Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Päk niýetlerden doly bu aýda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin şertleriň döredilmegi netijesinde, ruhy gymmatlyklaryň baýlaşdyrylmagy we tagallalaryň birleşdirilmegi arkaly biziň tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň dabaralanmagynyň şaýatlary boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Hasan RUHANI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamagy özüme hormat-sarpa hasaplaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Siziň doganlyk halkyňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Beýik Biribardan ähli musulmanlaryň ýagşy arzuwlaryny kabul etmegini dileýärin.

Heýsam ben TARIK,
Omanyň Soltany.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly mertebedir.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk we ösüş, dünýäniň ähli ýurtlaryna hem-de halklaryna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin.

Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şeýh Sabah al-Ahmad al-Jaber as-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter