Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

опубликованно 30.04.2020 // 430 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli karar edýärin:

1. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

2. «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmagyň Tertibini tassyklamaly.

Sylaglanylanlaryň sanawy aýratyn kitap görnüşinde çykarylar.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik Ýeňşi hormatlamak we dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Teswirnama çözgüdini göz öňünde tutup, karar edýärin:

1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Düzgünnamany;

2) «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurmak hakynda Gollanmany;

3) «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalynyň şahadatnamasynyň nusgasyny.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter