Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

опубликованно 30.04.2020 // 150 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi. Onda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, taraplaryň ikisi hem komitetleriň yzygiderli geçirilýän bilelikdäki mejlislerine, işewür duşuşyklara we forumlara uly ähmiýet berýärler. Şolar geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin hoşmeýilli erk-islegiň hem-de anyk teklipler bilen berkidilýän özara bähbitleriň esasy binýat bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenildi.

Geçen mejlisde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanda milli ykdysadyýeti, onuň senagat pudagyny, hususan-da, gazy gaýtadan işleýän hem-de gazhimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak we okgunly ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar bilen baglylykda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda meýilleşdirilýän hem-de häzirki wagtda ýurdumyzda Ýaponiýanyň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalara garaldy. Ulag, elektrik energetikasy, oba hojalygy, saglygy goraýyş, kommunikasiýa we aragatnaşyk, syýahatçylyk we ekologiýa ýaly ulgamlar özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçirilmegi bilen baglylykda ýokary tehnologiýalar ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Dürli düzümleriň işgärleri üçin okuwlary hem-de tejribe alyşmalary guramagyň hasabyna ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işi hem döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugry hasaplanylýar.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde hem-de Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Mirgasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy.

Şu ýyl üçin göz öňünde tutulan bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklara gatnaşyjylar geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň 2020 —2022-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy göreşmek baradaky hereketleriniň Milli meýilnamasynyň ähmiýetini belläp, netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Döwletimiz dünýä bileleşiginiň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen hem-de adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan binýatlaýyn halkara resminamalaryň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýär hem-de ynsanperwerlik, demokratik ösüş we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.

Taraplar häzirki ýagdaý bilen baglylykda halkara giňişlikde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleri çözmek maksady bilen hereketleri utgaşdyrmagyň hem-de adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň zerurdygyny bellediler.

Migrasiýany kadalaşdyrmak çärelerini pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda bu ulgamdaky meseleleriň çözgüdini gözlemek hem-de mätäçlik çekýänlere ynsanperwerlik kömegini bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

***

Şu gün Döwlet daşary ykdysady iş bankynda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň degişli wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleri hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Obasenagat toplumyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Taraplar Türkmenistanyň we dünýäniň esasy oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Galla orýan we pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň, ekiş enjamlarynyň hem-de beýleki ýörite tehnikalaryň uly tapgyrlaryny getirmek barada soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklar we şertnamalar bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Oba hojalygy pudagynda tehnikalary we enjamlary dolandyrmagyň sanly elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagy «John Deere Walldorf GmbH & Сo. KG» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugruna öwrüldi. Bu iş 2020 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn amala aşyrylar.

Indi hususy işewürligiň wekilleri hem bankdan alýan karzynyň hasabyna «John Deere» kompaniýasynyň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny alyp bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda telekeçilere maliýe taýdan goldaw bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Bu resminamada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de ABŞ-nyň «Deere Сredit Inс.» kompaniýasynyň arasynda telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin karz ylalaşygyny baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen tarapyna özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga toplumlaýyn çemeleşýändigi üçin hoşallyk bildirdiler we gatnaşyklary mundan beýläk has-da giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

***

Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýanyň «TRANSOÝL — Terminal» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyndan onlaýn duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň hatarynda deňizde ýük daşamak we logistika, oba hojalyk önümlerini ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri bar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Şol gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin amatly şertler, şol sanda döwrebap port düzümine eýe bolan Türkmenistanyň Hazar sebitiniň Russiýa Federasiýasynyň

Astrahan oblastyna golaýlygy bilen baglanyşykly oňaýly şertler bar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň iri sebitleriniň, şol sanda Astrahan oblastynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar. Onlaýn duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda esasy ulgamlaryň köpüsinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň soňky döwürde okgunly ösüşe eýe bolandygy bilen tapawutlanýandygy nygtaldy. Düýn telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýanyň işewürliginiň wekilleri türkmen kärdeşlerini demir ýol, awtomobil we suw ulaglaryndan ösümlik ýaglaryny kabul etmek hem-de ugratmak, şolary saklamak üçin ýöriteleşdirilen terminala eýe bolan kompaniýanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Bu terminal Narimanow şäheriniň golaýynda, Wolga derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin onlaýn tertibinde ÝUNESKO tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýetine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. ÝUNESKO-nyň wekili Andreý Şewelýow wideoşekilleri ulanyp, onlaýn duşuşyga gatnaşyjylary bu halkara guramanyň wezipeleri hem-de maksatlary bilen tanyşdyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, bilermen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden başlangyçlarynyň, şol sanda daşky gurşawy goramak, suw we energiýa serişdelerini rejeli ulanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelere degişli başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ugry boýunça, hususan-da, bilim, tebigy, durmuş we ynsanperwer ylymlary, medeniýet, kommunikasiýalar hem-de maglumat ulgamlarynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşýändigi bellenildi.

ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäginde taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy we bellige alyndy. Halkara bilermenler bilen bilelikde, bu guramanyň degişli komitetlerinde garamak üçin, ýadygärlikleriň täze sanawyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasy aýawly saklamak üçin mümkinçilikleri artdyrmak, durnukly syýahatçylygy dolandyrmak, mirasyň desgalaryny dolandyrmagyň meýilnamalaryny utgaşdyrmak, maddy däl medeni mirasy goramak üçin birnäçe çäreler meýilleşdirildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ekologiýa ulgamlaryny we biologik serişdeleri goramagyň esasynda ýerden peýdalanmak, okatmagyň usullarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak bilen baglanyşykly taslamalaryň geljeginiň uludygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter