Wise-premýer Reşit Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy | TDH
Syýasat habarlary

Wise-premýer Reşit Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

опубликованно 01.05.2020 // 317 - просмотров
 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 30-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Sönbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de koronawirus pandemiýasyna garşy durmak boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda ýurtlaryň ikisi-de ulaglar we ýükler türkmen-eýran serhedinden geçende epidemiologiýa nukdaý-nazaryndan howpsuzlyk maksady bilen ýokary derejede sanitar, fitosanitar we weterinar gözegçiligi üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görerler.

Şol günüň özünde wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy temalary ara alnyp maslahatlaşylanda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklara gyzyklanma bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter