Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

опубликованно 04.05.2020 // 470 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.

Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Özüniň baý döredijilik kuwwatyny umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirip, biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalar we düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine önjeýli goşant goşýar.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşykda Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew uly hormat bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoforumda çykyş edip, adamzat üçin uly wehim bolan wajyp meselä bagyşlanan bu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz dünýäniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, onlaýn arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän ähmiýetli we öz wagtynda geçirilýär. Bu çäre pikir alyşmaga we çylşyrymly ýagdaýa baha bermäge hem-de ony ýeňip geçmegiň ýollaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz bu meseläniň käbir taraplary barada durup geçdi.

Birinjiden, pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut raýdaşlyk hereketlerini aýratyn bellemek isleýändigini nygtady.

Sebäbi, her ýurduň milli derejede, ýagdaýa baglylykda bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy öz işlerini ýola goýýandygy düşnüklidir. Şunuň bilen birlikde, ýekelikde gysga wagtlyk wezipeleri çözüp, tapgyrlaýyn üstünlikleri gazanyp boljakdygyna ynanýandygyny belläp, milli Liderimiz bu epidemiýanyň ählumumy howpdugyny, şoňa görä-de, onuň ählumumy hereketleri talap edýändigini, hemmetaraplaýyn häsiýetli, uzak möhletleýin strategiýany öz içine alýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagy hem-de kabul etmegi teklip etdi we bu resminamanyň epidemiýa garşy göreşde agza döwletleriň raýdaşlyk işiniň esasy ýörelgelerini, şeýle hem ýokanjyň öňüni almaga we ony ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny öz içine almalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň ikinji ugry barada aýdyp, häzirki döwürde döwletleriň guramaçylyk, ahlak, maliýe we maddy taýdan özara goldawynyň we kömeginiň köptaraplaýyn tagallalaryň örän möhüm tarapy bolup durýandygyny belledi. Şeýle kömek berlende, hiç bir ýagdaýda onuň syýasylaşdyrylmagy, kemsitmek, haýsydyr bir şertleri öňe sürmek kabul ederlikli däldir.

Üçünjiden, pandemiýa we onuň ýaramaz netijelerine garşy göreşde ýokary derejeli hünärmenleriň ysnyşykly işlemeginiň örän uly ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ugurda ylmy diplomatiýanyň usullaryny doly derejede ulanmak gerek. Bu bolsa keseli bejermegiň we onuň öňüni almagyň usullary boýunça hemişe tejribäni, bilimleri we maglumatlary, şeýle hem lukmançylyk serişdelerini we enjamlaryny, şahsy gorag serişdelerini alyşmagy aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň alym-lukmanlarynyň geňeşiniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dördünji ugur barada aýdyp, biziň bilelikdäki köptaraplaýyn işlerimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy hyzmaty arkaly we wirus kesellerine garşy göreşde özboluşly tejribe toplan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk arkaly alnyp barylmalydygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny aýtmak isleýärin. Alyp barýan tutanýerli we ýokary derejeli işi üçin, bu guramanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biziň ýurdumyz bu möhüm halkara düzüm bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam eder hem-de oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, emele gelen häzirki ýagdaýda Goşulyşmazlyk hereketi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda, ozaly bilen, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk bileleşikleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň hökümetlerine bilelikdäki şeýle işiň ülňüleriniň hem-de görnüşleriniň üstünde bilelikde işlemegi tabşyrmagy teklip etdi.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen has netijeli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, gaýragoýulmasyz bu çäreler we wezipeler bilen bir hatarda, häzirki döwürde geljek barada pikirlenmegiň möhüm borç bolup durýandygyny belledi.

Pandemiýany nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geljekki mejlisiniň gün tertibine düýpli üýtgetmeleriň giriziljekdigi düşnüklidir. Bu mejlis, aglaba derejede, çökgünlikden soňky döwre niýetlenen bütindünýä bileleşiginiň öňünde ykdysadyýeti dikeltmek, durmuş ulgamyny talabalaýyk guramak, ynsanperwer meseleleri çözmek bilen bagly kyn wezipeleriň üstünde işlemeli bolar. Özi-de bu meseleler deň derejeli we özara baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin, häzirden başlap, esaslary döretmek zerur bolup durýar. Biziň pikirimizçe, bu ugurda energetika, senagat, ulag we söwda pudaklary esasy ugurlar bolmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Dünýä energetika bazarynda häzirki ýaly hiç wagt şeýle kynçylyklara gabat gelinmedi. Şeýle şertlerde adalatly we aýdyň ýörelgeler, deňhukuklylyk, döwletleriň bähbitlerini ykrar etmek we hasaba almak ýörelgelerinde dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerini ibermegi dikeltmek hem-de ýola goýmak aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Energiýa akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şu maksada ýetmegiň örän möhüm tarapy bolup durýar.

Ulag ulgamy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ulag gatnawlaryny, üstaşyr geçelgeleri çalt we doly möçberde dikeltmegiň, täze ugurlary gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu iş täze üpjünçilik ulgamlarynyň, örän uly giňişliklerde logistikanyň döredilmegini talap edýär. Şonuň netijesinde, köp sanly durmuş meseleleriniň çözülmegine, işsizligi aradan aýyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda biziň döwletlerimiz möhüm orny eýelemelidir, dünýäde geoykdysady ýagdaýlary netijeli ösdürmäge öz goşantlaryny goşmalydyr. Täze şertlerde ählumumy ykdysadyýetiň üstünlikli we netijeli ösdürilmegi köp derejede biziň hereketlerimiziň sazlaşykly hem-de utgaşykly bolmagyna baglydyr.

Biz pandemiýa sebäpli ýüze çykan giň gerimli ynsanperwer meseleleri çözmekde hem tagallalary birleşdirmelidiris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Migrantlara, bosgunlara, az üpjünçilikli ilata, aýratyn-da, ösüp barýan ýurtlara kömek bermek Goşulyşmazlyk hereketiniň gün tertibinde ileri tutulýan mesele bolmalydyr.

Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň raýdaşlyk işi örän möhümdir. Döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine üpjünçilik meselelerine seredilende, islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeleri üpjün etmekde Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlarynyň garaýyşlarynyň bitewüligi, aýgytlylygy we berkligi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugta üpjün etmek öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň, häzirki çökgünligi doly ýeňip geçmegiň esasy, aýgytly şerti bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz uruşlar hem-de gapma-garşylyklaryň şertlerinde pandemiýa garşy üstünlikli göreşmegiň we onuň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmagyň mümkin däldigini nygtady. Şoňa görä-de, Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleri bolan biz ähli halkara jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmegi berk maksat edinýändigimizi aýgytly aýtmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy geçen ýylyň sentýabrynda 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlaryny şu Rezolýusiýada görkezilen maksatlary gazanmaga işjeň ýardam bermäge, Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de netijeli ösüşe öz goşantlaryny goşmaga çagyrýandygyny beýan etdi.

Goşulyşmazlyk hereketiniň mümkinçilikleriniň, şoňa esaslanýan ýokary ynsanperwer taglymatlarynyň tutuş adamzat üçin häzirki kynçylykly döwürde hemişekisinden has-da zerurdygyna ynanýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz çökgünligiň bilelikde ýeňip geçiljekdigine, ondan üstün çykyljakdygyna hem-de döredijilikli işe girişiljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Jarnamanyň teklip edilen taslamasyny goldaýandygyny belledi we duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we üstünlik, Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň halklaryna bolsa, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça öňe süren başlangyçlary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde netijeli syýasaty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter