Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Belarus telegrag agentligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Belarus telegrag agentligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi

опубликованно 06.05.2020 // 138 - просмотров
 

Täzelikleri alyşmak ulgamynda özara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de “Belarus telegraf agentligi” Respublikan unitar kärhanasy diplomatik ýollar arkaly habarlary alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Maglumat syýasaty hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýmagy we ösdürmegi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumatlar giňişligine mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn beýan etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ilkinji derejeli wezipeleriň biridir. Munuň özi türkmen döwletiniň halkara derejesinde hyzmatdaşlar bilen döwletara gatnaşyklarynyň oňyn syýasatyny kesgitlän ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylda has-da möhümdir.

“BELTA” Belarus Respublikasynyň ýüzýyllyk taryhy bolan iri habarlar agentligidir, ol 180 ýurtda okyjylar üçin 6 dilde habarlary ýaýradýar. Häzirki wagtda Belarus telegraf agentligi ýurduň hem-de dünýäniň resmi habarlarynyň we täzelikleriniň esasy çeşmesi bolup durýar.

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy Merkezi Aziýada hem, Gündogar Ýewropa sebitinde hem sebit howpsuzlygyny durnuklaşdyrmakda möhüm orun eýeleýärler hem-de iri halkara guramalarynyň -- Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belarusuň döwlet habarlar agentlikleri habarlar bilen baglanyşykly özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi, iki ýurduň çäklerinde guralýan dürli çärelere maglumat goldawyny üpjün etmegi, žurnalistleri we fotohabarçylary özara alyşmagy meýilleşdirýärler. Taraplar şeýle hem çäreleri we forumlary bilelikde guramagyň mümkinçiliklerine serederler.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýäniň iri media-kompaniýalary, şol sanda Azerbaýjanyň döwlet habarlar agentligi (AzerTAj) we Trend halkara habarlar agentligi, “Associated Press of Pakistan” (Pakistan) korporasiýasy, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi, Russia Today (RTTV) telewizion ýaýlymy we beýlekiler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu ugurda biziň ýurdumyzda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, häzirki zaman habarlar tehnologiýalarynyň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ýokary derejeli işgärleriniň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter