Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

опубликованно 06.05.2020 // 192 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Tomas Greminger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kanunçylyk ulgamyndaky özara gatnaşyklar hem-de halkara parlament guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, dünýäniň ösen tejribesini, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň toplan tejribesiniň ähmiýetlidigi bellenildi. Şeýle hem Mejlisiň iki palata geçmegi bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, milli parlamenti döwrebaplaşdyrmak we Halk Maslahatyna täze hukuk derejesini bermek boýunça öňe sürýän başlangyçlary türkmen jemgyýetinde giň goldawa eýe boldy.

Adamlaryň raýatlyk hukuklaryny we azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

Gürrüňdeşligiň çäklerinde ÝHHG-niň Parlament assambleýasy bilen gatnaşyklary berkitmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, özara geňeşmeleriň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin döwrebap binýadyň döredilmegine ýardam eder.

* * *

DIM-de sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

ÝHHG-niň baş sekretary Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň açyklyk, ynanyşmak we hyzmatdaş ýurtlaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady. Munuň özi parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy saklamak üçin has amatly ýagdaýyň kemala gelmegine kömek edýär.

Geçirilen gepleşiklerde syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Olar howpsuzlygy berkitmek, häzirki zaman wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek, ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürmek, energonetijeliligi ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly möhüm ugurlardaky tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

ÝHHG-niň Baş sekretary şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşinde okuw sapagyny geçirdi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy.

Şu geçen çärýek asyryň dowamynda türkmen Bitaraplygy möhüm wezipeleri çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň işjeň guraly hökmünde ykrar edildi.

2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kararnamada ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine berilýän goldaw, onuň sebitde we dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň ykrarnamasy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi ýaly maglumatlar öz beýanyny tapdy.

Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki iri guramalaryň jogapkärli hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.

* * *

Ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda geçirilen wideomaslahatda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda «Tölegli maslahat hyzmatlary» atly ylalaşygyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiz ösüşiň täze derejesine çykdy we dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara maliýe we ykdysady düzümler, şol sanda Bütindünýä banky bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary giňeltdi.

Bu abraýly gurama bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. Saglygy goraýyş, statistika, ulag ulgamlarynda, bank we maliýe toplumlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda bilelikdäki maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Bellenilen ylalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimizde, hususan-da, döwlete dahylly bolmadyk pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlary gönükdirmegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny bermegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminamanyň çäklerinde işewür ulgamdaky özgertmelere we bank düzümlerinde köpçülikleýin dolandyryş işlerine goldaw bermek, şeýle hem karz hasabat ulgamyny işläp taýýarlamaga ýardam bermek, makroykdysady statistikany berkitmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Olaryň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň maliýeleşdirilmegine ýardam berer.

* * *

Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara ulag forumynyň Baş sekretary jenap Ýang Tae Kimiň we Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirip, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlarynyň möhümdigi we ählumumy gyzyklanma eýe bolýandygy äşgärdir, muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

2014-nji we 2016-njy ýyllarda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatyň we BMG-niň howandarlygynda guralan Durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jarnamasy we Aşgabat beýannamasy hem strategik häsiýetli ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin binýat döredýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna dolandyryş taýdan goşulyşan Halkara ulag forumy (ITF) hökümetara gurama bolup durýar, 60 ýurt bu guramanyň agzasydyr. Bu forum ulag syýasaty boýunça seljerme merkezi hökmünde çykyş edýär hem-de ulag ministrleriniň her ýylky sammitini guraýar, sammitlere dürli halkara guramalaryň ýolbaşçylary, parlamentariler, işewürler bileleşikleriniň hem-de dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Jenap Ýang Tae Kim ulaglary ösdürmek we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine ýardam berýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmekde iri taslamalary döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň tejribesine ýokary baha berip, özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

* * *

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNÑTAD) we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda awtomobil ulaglary we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň yklymyň iri ulag geçelgesi hökmündäki wajyp ornuny nazara alyp, sebitleýin hyzmatdaşlyga işjeň häsiýet bermek maksady bilen utgaşykly ulag syýasatynyň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Şeýle hem kanunçylygy we bahalary hem-de beýleki çäreleri utgaşdyrmak meselelerine deglip geçildi. Bu çäreler işewür düzümleriň işini ýeňilleşdirmäge we ýük akymlarynyň ösüşine hem-de daşary söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, awtomobil ulaglary we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmegiň olaryň hereketine gözegçilik etmäge, şeýle hem serhetlerden geçmek üçin elektron ygtyýarnamany tiz resmileşdirmäge mümkinçilik berer.

Elektron awtoulag kartasyny we merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek meýilleşdirilýär. Oňa girýän, çykýan we üstaşyr geçýän awtoulaglar hakyndaky ähli maglumatlar giriziler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter