Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

опубликованно 07.05.2020 // 185 - просмотров
 

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda geçirýän syýasatyndan ugur almak bilen, türkmen tarapy şol taslamany durmuşa geçirmek, şeýle hem ykdysady, logistik we beýleki degişli ugurlary ara alyp maslahatlaşmak hem-de tehniki meseleleri öwrenmek üçin bilermenleriň derejesinde iş toparyny döretmek boýunça zerur çäreler barada teklipleri taýýarlady.

Daşary ýurtly bilermenler iri ulag-logistika merkezi hökmünde Hazar sebitiniň wajyp ornuny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň bir bitewi ulag geçelgesine birleşdirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy, önümçilik we energetika, söwda, maýa goýumlary ulgamlaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli ugurlarda durnukly ýük daşamalary üpjün edýän logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçysynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda Hazar deňziniň gorlaryny peýdalanmak hem-de deňizde özara gatnaşyklar babatda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň ylmy-barlag hem-de innowasion-tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şol çäre Hazarýaka döwletleriň hemmesiniň söwda-ykdysady, ekologiýa we ulag ugurlarynda tagallalaryny birleşdirmäge taýýarlygynyň subutnamasyna öwrüldi.

* * *

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri bilen iş onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine barlaghana usuly bilen inçekeseli anyklamak meselesi boýunça pikir alyşmalar girizildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, bu ministrligiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak işinde uly üstünlikleri gazandy. Ýurdumyzyň bu ugurda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek we ýok etmek boýunça gazananlary BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy, olar ýörite güwänamalarda öz beýanyny tapdy.

Ilatyň arasynda köpçülikleýin sanjym we bejeriş işlerini yzygiderli geçirmek boýunça görülýän çäreler oňyn netijelerini berip, halkymyzyň saglygyny berkitmäge ýardam edýär.

BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda BSGG, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etmek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň başyny başlaýar.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri we onuň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler girizildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine, taryhyň we medeniýetiň ýakynlygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri doganlyk Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary berkitmek bolup durýar.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklamak bilen, ýokary we hökümetara derejelerde, şeýle hem iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary giňeltmegiň, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri nazara almak bilen, işewür gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seredilen meseleleriň hatarynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, Türkmenistanda hem-de Türkiýe Respublikasynda guralmagy meýilleşdirilýän dürli festiwallara we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleler geňeşmelerde esasy mowzuklaryň biri boldy.

* * *

Şu gün onlaýn görnüşde leksiýa guralyp, ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň işine bagyşlandy. Bu guramanyň Ženewada ýerleşen ştab-kwartirasyndan geçiş ykdysadyýetli we ösen ýurtlar departamentiniň direktory Mihal Swantner hem-de şol departamentiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ilýa Gribkow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen wideoaragatnaşyga çykdylar.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolmak bilen, intellektual eýeçiligi goramagyň, innowasiýalary işläp taýýarlamagyň we ilerletmegiň milli ulgamlaryny ösdürmäge ýardam edýär. Guramanyň düzümine 193 sany döwlet, şol sanda Türkmenistan girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, 2013-nji ýylyň martynda döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy ýurdumyzda intellektual eýeçilige degişli desgalary goramak babatda döwlet kadalaşdyrmasyny amala aşyrýar. Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň ösüş maksatnamasy amala aşyrylyp, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Kanun kabul edildi, degişli ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň her birinde onlaýn görnüşde berlen leksiýalaryň barşynda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň wekilleri guramanyň düzümi, intellektual eýeçilik babatda bilimleri we endikleri giňeltmek üçin ulanylýan okuw maksatnamalary barada diňleýjilere habar berdiler.

Intellektual eýeçiligi goramagyň, şol sanda bu ugurda degişli ölçegleri ulanmagyň halkara gurallaryna aýratyn üns berildi.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ýöriteleşdirilen edara-kärhanalarynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde UNWTO-nyň geçirýän «Healing Solutions Ňourism Challenge» atly halkara bäsleşige gatnaşmagy bilen bagly meseleler esasy temalaryň biri boldy.

Bu ählumumy çäre COVID-19 bilen baglylykda emele gelen ykdysady şertlerde syýahatçylyk işini goldamagyň netijeli çözgütlerini, şeýle hem pandemiýadan soňra pudagy dikeltmegiň innowasion usullaryny gözläp tapmaga gönükdirilendir. Saýlanyp alnan taslamalar tutuş dünýä boýunça ministrlikleriň 150-siniň arasynda ýaýratmak üçin sanly buklede giriziler, has gyzykly pikirleriň halkara tanyşdyryş çäresi guralar. Şeýle hem bäsleşigiň ýeňijileri UNWTO Innovation Network guramasyna girmäge mümkinçilik alarlar. Häzir oňa işine täze başlan hem-de öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalarynyň, iri korporasiýalaryň, maýadarlaryň, döwlet edaralarynyň we okuw mekdepleriniň ýüzlerçesi girýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda syýahatçylygyň döwrebap düzüminiň döredilmegine, sanatoriýa — şypahana, myhmanhana işlerinde hem-de syýahatçylyk pudagynyň dürli ugurlarynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigi nygtaldy. Munuň özi ykdysadyýetiň degişli ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzyň bu ugurda eýe bolan uly kuwwaty baý taryhy-medeni mirasymyza, tebigy gözellikleriň we özboluşly dynç alyş serişdeleriniň köpdürlüligine esaslanandyr.

Şeýle hem onlaýn gepleşiklerine gatnaşyjylar Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek hem-de syýahatçylyk ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmek barada teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter