Ýeňiş baýramy mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Ýeňiş baýramy mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 09.05.2020 // 312 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Mukaddes sene bolan 9-njy maý biziň umumy taryhymyza hemişelik ýazyldy. Bu şanly gün biz Ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin frontlarda gahrymanlarça söweşen hem-de tylda tutanýerli zähmet çeken adamlaryň öçmejek edermenligine uly hormat goýýarys.

Biziň halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dostlugynyň geljekde hem Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine, şol sanda koronawirusyň pandemiýasy ýaly nägehana garşy durmakda özara gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanda ýaşaýan ähli weteranlara we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de uzak ömür baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny baýramçylyk — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýeňiş güni — bu şanly baýramçylyk bolup, ol biziň hemmämiz üçin örän gymmatlydyr. Şöhratly söweş ýoluny geçenleriň taryhy edermenligi biziň kalplarymyzda hemişelik galar. Biz Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine baş egýäris. Şol gazaply ýyllarda söweş meýdanlarynda hem-de tylda görkezilen gahrymançylyk we edermenlik, gaýduwsyzlyk hem-de tutanýerlilik biziň halklarymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna hemişelik girdi.

Uruş ýyllarynyň agyr synaglaryndan geçen halklarymyzyň dostlugynyň, jebisliginiň hem-de birek-birege goldawynyň geljekde hem Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hem-de berkitmek üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size, Türkmenistanyň ähli weteranlaryna, doganlyk halkyna berk jan saglygyny, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Faşizmden üstün çykyp, gazanylan Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy we mähirli gutlaglarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Bu şanly baýramçylyk biziň dostlukly halklarymyzyň gahrymançylygynyň umumy nyşany bolup durýar. Olar söweş meýdanlarynda egin-egne berip, gaýduwsyz söweşdiler hem-de adamzadyň taryhynda weýrançylykly uruşda ýeňmegi başardylar.

Biz ata-babalarymyzyň ýagty ýadygärliginiň öňünde başymyzy egýäris. Olar Watan azatlygyny mukaddes saýdylar hem-de deňi-taýy bolmadyk edermenligi we batyrlygy görkezip, ony gandöküşikli we ýowuz söweşlerde gaýduwsyz goradylar, şeýle hem uruş döwründe hem-de uruşdan soňky dikeldiş ýyllarynda ýurdumyzy ösdürmek üçin tutanýerli zähmet çekdiler.

Biziň ýurtlarymyzda şöhratly weteranlarymyza uly hormat we sarpa goýulýar. Olar Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga uly goşant goşdular hem-de agyr synaglardan mertlik bilen geçdiler.

Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde biziň baky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we raýdaşlyk ruhundaky strategik hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ähli ugurlarda, şol sanda häzirki howplaryň öňüni almak babatda hem netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny hem-de täze üstünlikleri, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de dostlukly Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Ýeňiş baýramy bilen gutlaýaryn.
Bu dabaraly gün biz Beýik Watançylyk urşunyň esgerleriniň öçmejek edermenligine baş egýäris. Olar geljekki nesilleriň parahatçylyga, azatlyga we garaşsyzlyga bolan hukugyny gorap sakladylar.

Uruş ýyllarynyň synagyndan geçen halklarymyzyň doganlygynyň geljekde hem hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara hem-de tylyň zähmetkeşlerine uzak ömür, berk jan saglygy, parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlaýaryn.

Hemmämiz üçin ýeke-täk bolan bu Ýeňiş halklary mäkäm jebisleşdirdi.

Goý, biziň döredijilikli zähmetimiz bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyk berkarar bolsun! Bu biziň gahrymanlarymyza iň gowy hoşallygymyz, Beýik Ýeňşe hormatymyz bolar.

Size, Siziň ýurduňyzyň ähli raýatlaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

1945-nji ýylyň 9-njy maýy bitewüligiň we halklaryň parahatçylygynyň hem-de azatlygyň bähbidine faşistik basybalyjylara garşy göreşmekdäki bozylmaz agzybirligiň hem-de nusgalyk edermenligiň nyşany hökmünde taryhda hemişelik galar.

Şirin janyny gaýgyrmadyk we söweş meýdanlarynda hem-de tylda umumy Ýeňşiň bähbidine gahrymançylyk görkezenleri çuňňur hoşallyk we buýsanç duýgulary bilen ýatlaýarys. Gazagystanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we möhüm hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň atalarymyzyň we babalarymyzyň ýadygärligine hormat goýdugymyz boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizden bu şanly senede ähli weteranlara, tylyň zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Kasym-Jomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Biziň ýurtlarymyzyň umumy taryhynyň şanly senesi bolan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Beýik Ýeňiş ozalky Sowet Soýuzynyň umumy duşmana garşy göreşe agzybirlikde aýaga galan ähli halklarynyň edermenligi, gahrymançylygy, bitewüligi we gaýduwsyz zähmeti netijesinde gazanyldy. Biz söweş meýdanlarynda we tylda ýeňiş üçin janyny aýamadyklary ýatlaýarys we olaryň bimöçber edermenligine buýsanýarys.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky döwrüň synagyndan geçen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň doganlyk, birek-birege hormat goýmak, goldaw bermek ýaly şöhratly däplere eýerip, mundan beýläk-de halklarymyzyň abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine has-da berkidiljekdigine we artdyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işiňizde uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de sazlaşykly ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyz halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlaýaryn.

Bu mukaddes baýramda biz Watan goragçylaryny, duşmanlar bilen söweşen esgerlerimizi çuňňur hormat we buýsanç duýgulary bilen hatyralaýarys.

Gurban bolan atalarymyzy we babalarymyzy ýatlap, ýurtlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri bilelikde çözjekdigimize, Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň we üstünlikli ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Sooronbaý Žeenbekow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Belarus halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlaýaryn.

Biziň atalarymyzyň we babalarymyzyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, şeýle hem tylda çekilen netijeli zähmet Beýik Ýeňşiň gazanylmagyny üpjün etdi. Munuň özi biziň üçin buýsanç çeşmesidir. Watana bolan beýik söýginiň nusgalyk derejesidir.

Faşizmi ýeňip gazanylan umumy Ýeňşiň mundan beýläk-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwleti ösdürmek işinde mundan beýläk-de üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Şu gün biz wepat bolanlaryň ýadygärliginiň öňünde baş egýäris we hormatly weteranlarymyza, dünýäni faşizmden azat etmäge mynasyp goşant goşanlaryň hemmesine çuňňur hoşallyk bildirýäris. Azat ediji esgeriň gahrymançylygy, edermenligi, durnuklylygy we ýeňşe bolan polat erki minnetdar nesilleriň hakydasynda hemişe galar.

Agyr synaglarda taplanan dostlugyň mundan beýläk-de Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalar üçin pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Armen Sarkisýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Ýeňiş gününiň baýramy bilen Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Palestinanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarym bilen mähirli gutlaglarymy iberýändigime şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalarymy tassyklaýaryn.

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu gün biz, hakykatdan-da, söweşlerde özüniň gahrymançylygy we tylda yhlasly zähmeti bilen faşizmden üstün çykylmagyna mynasyp goşant goşanlary buýsanç duýgulary bilen ýatlaýarys.

Ermenistanda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem biziň atalarymyzyň we babalarymyzyň edermenligi hakyndaky nurana hakyda hemişe saklanýar. Biz olaryň geljek nesilleriň azatlygy, bagty ugrundaky edermenligini ýagşylykda ýatlaýarys.

Beýik Ýeňşiň bimöçber gymmatlygynyň häzirki döwürde dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, bilelikde häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmaga, hyzmatdaşlygy Ermenistanyň we Türkmenistanyň parahatçylykly ösüşiniň bähbidine yzygiderli çuňlaşdyrmaga çakylykdygy gürrüňsizdir.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Size berk jan saglyk hem-de abadançylyk , Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nikol Paşinýan,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýram gününde biz faşizmden üstün çykylyp, gazanylan gahrymançylykly ýeňşe goşant goşanlaryň hemmesini çuňňur hormat we hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarys.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň taryhynda iň ähmiýetli wakalaryň biri bolup durýar. Doganlyk halklar bitewülikde basybalyjylara garşy göreşe çykdylar we bilelikde erkinligi, öz Watanynyň garaşsyzlygyny gazandylar.

Şol gahrymançylykly günler hakyndaky hakydanyň mundan beýläk-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň arasynda däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitjekdigine, GDA-nyň giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň kepili boljakdygyna ynanýaryn.

Bu şatlykly günde, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size, uruş weteranlaryna, Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Sergeý Lebedew,
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlamaga rugsat ediň!

75 ýyl mundan ozal, maý aýynyň gök gümmürdisi ýaly älemgoşar öwüşginli feýerwerkler asmana atyldy. Uzak garaşylan Ýeňşiň gelendigini buşlan şol pursatlar bu wakanyň taryhy gerimini we ähmiýetini dünýä äşgär etdi.

Köp sanly pidalar bilen faşizmi derbi-dagyn edip, Garaşsyz Watanymyzyň erkinligini üpjün eden atalarymyzyň we babalarymyzyň gahrymançylygy umumy taryhymyzyň aýdyň sahypasyna öwrüldi.

Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň halklary geljek nesiller üçin parahatçylykly durmuşy üpjün etmek maksady bilen, bilelikde, bir hatarda durup, edermenlikli söweşdiler we tylda gaýduwsyz zähmet çekdiler.

Häzirki döwürde biz ýeňiji bolan pederlerimizi çuňňur hormat bilen ýatlaýarys we rus-türkmen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de uruş ýyllarynda taplanan asylly tejribäni hemmetaraplaýyn berkidýäris.

Çuňňur hormatlanylýan hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size şu şanly pursatda berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Aleksandr Blohin,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Atalarymyzyň we babalarymyzyň öçmez-ýitmez edermenliginiň nusgalyk ähmiýete eýedigini bellemeli. Bu nurana baýram gününde biz çal saçly şöhratly weteranlarymyzyň öňünde baş egýäris. Biz gandöküşikli söweşlerde Watan ugrunda wepat bolan edermen esgerlerimizi buýsanç bilen ýatlaýarys. Şeýle hem zähmet frontunda öndürijilikli işlänlere çuňňur hormat goýýarys.

Beýik Ýeňiş güni Gazagystanyň we Türkmenistanyň geçmişini hem-de häzirki döwrüni baglanyşdyrýan halklarynyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar. Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz günlerini geçen we tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň hatyrasyna faşizmden üstün çykan hakyky gahryman nesiller hakyndaky baky hakydany ýüreklerimizde saklaýarys.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizden Türkmenistanyň gahryman weteranlaryna we tylda zähmet çekenlerine Ýeňşe goşan ägirt uly goşandy üçin iň gowy arzuwlarymy we mähirli minnetdarlyk sözlerimi, Siziň ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter