Daşoguz welaýatynda şaly ekişi başlandy | TDH
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynda şaly ekişi başlandy

опубликованно 07.05.2020 // 100 - просмотров
 

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly ekişine girişdiler. Şu ýyl bu ekin 8 müň 100 gektar ýere ekilip, ondan 35 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ekişde ýöriteleşdirilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary ulanylar.

Şaly meýdanlarynyň ählis S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda ýerleşýär, bu ýerde şalydan ýokary hasyl almak üçin zerur şertleriň ählisi döredilen, alyjylara ýokary hilli önüm iberýän, şeýle hem ýöriteleşdirilen hojalyklary tohum bilen üpjün edýän şaly arassalaýan döwrebap kärhana hereket edýär. Sebitde şalynyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşan «Nukus-2, «Müňbaşy» we «Alenga» görnüşleri ýetişdirilýär.

Döwlet tarapyndan goýberilýän maýa goýumlary netijesinde Daşoguz welaýatynda pudagyň ösen düzümleri döredildi. Sebitde ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar, ýetişdirilen hasyly saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur kuwwatlyklar bar.

Soňky ýyllarda bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri-de üstünlikli iş alyp barýarlar. Mysal üçin, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Timur Rejebow welaýatda kuwwatlylygy ýylda 250 tonna bolan şaly arassalaýan hususy önümçilik gurdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter