Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy | TDH
Jemgyýet

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy

опубликованно 13.05.2020 // 178 - просмотров
 

Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy geçirildi. Onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umumy ýygnakda şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, oňa laýyklykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.

Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini hemişe goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter