Gruziýanyň paýtagtynyň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy | TDH
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany

Gruziýanyň paýtagtynyň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy

опубликованно 18.05.2020 // 224 - просмотров
 

18-nji maýa geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy.

Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol iki ýurduň arasyndaky ynanşykly gatnaşyklaryň, şeýle hem türkmen halkyna hormat-sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy.

Tbilisiniň telewizion diňine iki günläp çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter