Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 19.05.2020 // 200 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýörite maslahat täze aýratyn howply ýokanç kesele garşy göreşmek maksady bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işinde ulanylýan lukmançylyk usullaryna bagyşlanyldy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan maslahata gatnaşyjylar sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesinde ulanylýan çäreler, hususan-da, döwletara serhetden geçýän raýatlary lukmançylyk barlagyndan geçirmek düzgüni bilen tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tejribesine hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda sebitiň ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen geçirilýän bilelikdäki işlere ýokary baha berildi.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bu mesele boýunça pikir alşyp, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de şeýle duşuşyklaryň çäklerinde utgaşykly hereketleriň möhümdigini bellediler.

* * *

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýanyndaky Hemişelik wekiliniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň assambleýasynyň 73-nji sessiýasy ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Dünýäni gurşap alan COVID-19 pandemiýasy hem-de oňa garşy göreşmek boýunça çäreler wirtual görnüşde geçirilen halkara forumyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy göreşmäge taýýarlygy hem-de howply ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almaga gönükdirilen dessin täsir ediş çärelerini üpjün etmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy we ýakynda kabul edilmegi nusga alarlyk mysal hökmünde görkezildi.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bu meýilnamany amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, howply kesellere, hususan-da, koronawirusa garşy göreşmek maksadynda hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklaryň zerurdygyny nygtadylar.

* * *

Şu gün «Türkmenawtoulaglary» agentliginde wideomaslahat görnüşinde Halkara awtoulag gatnawlary boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn mejlise gatnaşyjylar soňky ýyllarda bilelikde iri ulag-üstaşyr taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, iki döwleti birleşdirýän halkara geçelgeleriň, hususan-da, sebit ýollarynyň möhüm bölegine öwrülen, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara awtoulag gatnawlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy barada aýtmak bilen, sebitde we dünýäde pandemiýanyň täsirine garşy göreşmek işinde Türkmenistanyň netijeli ornuny bellediler.

Taraplar bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny, şol sanda logistika ulgamynda, şeýle hem täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmakda goňşy döwletleriň geljekki hyzmatdaşlygy babatda pikir alyşdylar.

* * *

«Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport kuwwaty we importa bolan islegleri hem-de birža işinde hyzmatdaşlygyň geljegi» atly mowzuk boýunça iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda iş maslahaty geçirildi.

Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyga Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Russiýa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksport we import ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Russiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistanda öndürilýän önümlere, şol sanda dünýä boýunça ýokary hilli önümler bilen mynasyp bäsleşýän dokma senagatynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirýärler.

Bellenilişi ýaly, bu pudak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň eksport ugurly pudaklarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaranyň wezipesini ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy hem ýardam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar iki tarapyň bähbitlerini nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk ugurlaryň birnäçesini kesgitlediler.

* * *

Şu gün Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen onlaýn geňeşmeleri geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ösen ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek hem-de bu ugurda ýöriteleşdirilen abraýly bilimler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek milli Liderimiziň ýöredýän döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden, Milletler Bileleşiginiň agza döwletleri tarapyndan goldanylan hem-de biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnamanyň Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary üçin esas bolup durýandygyna üns berildi.

Soňky ýyllarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmanyň bardygyny aýtmak bilen, wideomaslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerde täze ulag ýollaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary barada pikir alyşdylar.

* * *

Şu gün BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň iş maslahatynyň gün tertibine oba hojalygyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň yzygiderli önümçiligini üpjün etmek baradaky wajyp meseleler girizildi.

Onlaýn görnüşindäki duşuşygyň çäklerinde şeýle hem COVID-19 koronawirus ýokanjynyň azyk howpsuzlygyna ýaramaz täsirini azaltmak boýunça sebitiň ýurtlarynyň oba hojalyk ulgamyna degişli edaralarynyň alyp barýan işleri bilen baglylykda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda pudagy düýpli özgertmäge we kämilleşdirmäge, onuň gaýtadan işleýiş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen doly derejede üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdylar.

Şeýle hem döwlet serhetlerinde fitoarassaçylyk hem-de weterinar gözegçiligini güýçlendirmek boýunça öňüni alyş çärelerini amala aşyrmagyň hasabyna ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak babatda türkmen tarapynyň alyp barýan oňyn tejribesi bellenildi.

Öz çykyşlarynda iş maslahatyna gatnaşan FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin hem-de FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu sebitdäki ýurtlaryň azyk we oba hojalyk ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmegiň durnukly gurallaryny saklamagyň we ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

* * *

Şu gün Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda bu institutyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag tehnologik uniwersitetiniň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, şeýle hem şol institutda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkiýe Respublikasynyň «Maltaş Maden Kimýa Mak. Nakl. Ltd. Şti» kompaniýasynyň hünärmenleri we alymlary bilen onlaýn görnüşde ylmy maslahatlar geçirildi.

Hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň esasy görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, täze kompozit serişdelerini we beýleki himiýa tehnologiýalaryny peýdalanmakda bilelikdäki barlaglaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, senagat pudagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem gurluşyk serişdeleri senagaty batly depginler bilen ösdürilýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary döwletlerde uly islege eýe bolan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berer.

Duşuşyga gatnaşyjylar degişli ugurda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada ylalaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter