Türkmenistanyň we Kanadanyň hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Kanadanyň hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 20.05.2020 // 155 - просмотров
 

20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy.

Şeýle hem pandemiýanyň ykdysady we durmuş çäklerdäki netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu babatda häzirki zaman wehimlerine garşy çalt we netijeli gaýtawul bermekde dünýä jemgyýetçiliginiň hemmetaraplaýyn özara goldawyny güýçlendirmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary şeýle-de türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatiki we medeni çäklerindäki ýagdaýyny hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Kanadanyň halkara giňişliginde, aýratyn hem bu iki dostlukly döwletiň özara goldawyň we düşünişmegiň saldamly tejribesini toplan ugry bolan BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi.

Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herekete getirmeklige taýýadyklary barada nygtaldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar şeýle hem syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik çäklerdäki öň gelnen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna seretdiler. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga bolan meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary wagtynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen 37 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilipdi.

Diplomatlar şeýle-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň özara hereketleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter