Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 21.05.2020 // 154 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (WTCF) wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Olara Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama dünýäniň ençeme paýtagtlaryny hem-de megapolislerini özünde birleşdirýär. Bu wakany hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamyň öňünde goýan wezipelerini nazara almak bilen, gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlyk syýahatçylygyň milli ulgamynyň ösdürilmegini hem-de «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň ägirt uly mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ugur edinýär.

Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän halkara syýahatçylyk guramalarynyň biri — Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasyna girizilmegi dünýä giňişliginde ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini işjeň ilerletmäge kömek eder. Munuň özi köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda meşhurlygy bilen tanalýan ýurdumyzyň özboluşly taryhy-binagärlik, medeni we tebigy gözellikleri bilen şertlendirilendir.

* * *

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de innowasion usulda täzelemäge gönükdirilen köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda daşary ýurtly işewür toparlarynyň ornuny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Türkmenistan iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine üns bermek bilen, döwrebap tehnologiýalara hem-de ylmy-tehniki innowasiýalara eýe bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalarynyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi. Bu kompaniýa bazaryň her bir ugry üçin niýetlenen gämileri — tirkeglerden başlap, lýuks kysymly gämilere çenli işläp taýýarlamak we gurmak babatda ýöriteleşdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga özara islegiň bardygyny tassyklamak bilen, bar bolan mümkinçilikleri, şeýle hem degişli pudaklarda, şol sanda gämi gurluşyk pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

* * *

Şu gün «Türkmendemirýollary» agentliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üç taraplaýyn duşuşygy guraldy. Gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän döwletara we sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr ýollarynyň hereketini işjeňleşdirmek meselelerine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary artdyrmak boýunça anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem degişli maglumatlary alyşmak, şol sanda COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýda serhetýaka lukmançylyk-sanitariýa şertlerini döretmek bilen bagly meselelere seredildi.

Bellenilişi ýaly, şol çäreler sebit gatnaşyklaryna täze depgin bermek üçin döwletleriň çäkleri boýunça ýük gatnawlarynyň artmagyna, demir ýol ulagynyň bökdençsiz üstaşyr hereketini üpjün etmäge oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem taraplar durnukly ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýän demir ýol ulagynyň möhüm orun eýeleýändigi barada bir pikire geldiler.

Özara düşünişmek we netijeli ýagdaýda geçen duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tutuş sebitiň halklarynyň we ýurtlarynyň bähbitlerine kybap gelýän dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýän geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi ugrunda çykyş etdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlise gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem sebit we halkara meseleleriň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan diňe yklymda däl-de, eýsem, umumy dünýä işlerinde sebitiň ornunyň artmagyny nazara almak bilen, Merkezi Aziýada netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Türkmen tarapy sebitleýin gatnaşyklara yzygiderli çemeleşmek barada pikiri öňe sürüp, bu meselä özüniň konseptual garaýşyny beýan etdi.

Şunda daşary gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ähmiýetli ýagdaý bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taryhy taýdan kemala gelen ýakynlyk biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri bilen şertlendirilendir.

Mejlisiň çäklerinde MA5+Russiýa görnüşinde geçiriljek üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýa aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça ylalaşylan hereketleriň möhümdigi bellenildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu howpa üstünlikli garşy durmak maksady bilen, utgaşykly çäreleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we degişli halkara düzümleriň maslahatlarynyň, şeýle hem milli tejribäniň esasynda ýurdumyzda täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň öz wagtynda kabul edilendigini bellemek gerek.

Onlaýn duşuşygyň barşynda türkmen tarapy sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk, uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça pikirleri yzygiderli alyşmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky üstaşyr-ulag gatnawlaryny tiz wagtda we doly dikeltmegiň, täze ugurlary tapmagyň hem-de ylmy diplomatiýanyň netijeli usullaryny peýdalanmagyň zerurdygy baradaky öňe süren başlangyçlary beýan edildi.

Şular bilen bir hatarda duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ulag-logistika we umuman sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ösdürmek barada pikirleri beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagyň, halkara giňişliginde özara gatnaşyklar boýunça ädimleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

* * *

«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde «Sojitz Corporation» ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilip, onuň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýapon kompaniýasynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň himiýa senagatyny ösdürmek baradaky strategiýasyna ýokary baha bermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Agzalyp geçilen strategiýa ýurdumyzyň baý serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de pudagyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Himiýa pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, şol sanda Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly Ylalaşyk barada pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň bu ugry ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda dürli himiýa önümleriniň çykarylýan möçberiniň artmagyny nazara alanyňda möhüm ugur bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter