Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing

опубликованно 22.05.2020 // 172 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing boldy. Oňa daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt habarlar serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.

Şeýle hem brifinge wideomaslahat görnüşinde aragatnaşyk arkaly edaralary üçünji ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanda akkreditirlenen ilçiler gatnaşdylar. Şeýlelikde, brifinge Gazagystanyň, Russiýanyň,Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň paýtagtlary goşuldylar. Mundan başga-da 18 ýurtdan 30-a golaý žurnalistler onlaýn görnüşinde bellige alyndy. Bu bolsa diňleýjileriň geografiýa taýdan gerimini has giňeltdi.

Bu gezekki brifing hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda, umuman milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň hem-de onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan üçünji brifingdir. Adam saglygyny goramak babatynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegi bu çäräniň esasy maksatlarynyň biridir.

Ilkinji duşuşygyň barşynda özüniň gözbaşyny 1995-nji ýylda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilip başlanan döwründen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berildi. Ikinji brifingde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktoryna iberen hatynda hem-de BMG-niň Baş sekretary bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda we Goşulyşmazlyk Hereketiniň onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda beýan eden başlangyçlaryna garaldy.

Bu gezekki duşuşykda ýokanç kesellerine garşy göreşde hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ylmy-lukmançylyk binýadyny berkitmekde alnyp batylýan işleriň örän ähmiýetli ugurlarynyň birnäçesine oňa gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

Brifingiň başynda Saglygy goraýşyň Bütindünýä assambleýasynyň wertual görnüşde 18 — 19-njy maýda geçirilen 73-nji sessiýasynyň netijelerine baha berildi, onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşyp, pandemiýa garşy göreşde BSGG-nyň tagallalaryny goldady. Şunda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu umumy howpa garşy göreşde halkara bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan Bütindünýä assambleýasynyň jemleri boýunça «СOVID-19-a garşy jogap» atly kararnamany goldady. Bu kararnamada netijeli derman serişdelerine we tehnologiýalara, howply keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usulyýetlerine ählumumy, öz wagtynda, deň hukukly, erkin we adalatly elýeterlilik ýörelgesi, şeýle elýeterlilik ýörelgesine böwet baglaýan adalatsyz päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy ýörelgesi biragyzdan makullanylýar.

Bu ýörelge pandemiýa garşy göreşde, milli sebit we ählumumy derejelerde toplumlaýyn çäreler amala aşyrylanda, degişli başlangyçlar durmuşa geçirilende hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin esas goýujy gural bolup durýar.

Türkmen tarapy kararnamada beýan edilýän pandemiýa garşy ählumumy jogap taýýarlanylanda we utgaşdyrylanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň öňdäki möhüm ornuny goldaýar. Biz şeýle hem BSGG-niň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň we onuň durnukly maliýeleşdirilmeginiň zerurdygy, BSGG-niň utgaşdyrylmagynda halkara bileleşiginiň bu keseliň ýaýramagyna dessin seslenmäge ukyplylyk derejesine baha bermeginiň möhümdigi baradaky çagyryşyna goşulýarys.

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly, brifingde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň soňky birnäçe aýyň dowamynda kabul edilen esas goýujy resminamalarda kesgitlenilen ýörelgelere we kadalara daýanýandygy nygtaldy.

Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan bilen awtordaşlykda şu ýylyň aprel aýynda biragyzdan kabul edilen «Koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk» «СOVID-19-a garşy göreşde dermanlara, derman serişdelerine we lukmançylyk enjamlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy» diýen iki kararnama bar.

Mundan başga-da, kabul edilen birnäçe strategiki häsiýetli resminamalar, BMG-niň edaralary tarapyndan işleriň üç ugry boýunça meýilnamalar we strategiýalar ozalky resminamalaryň üstüni ýetirdi.

Has takygy: BSGG-niň ugry boýunça şu ýylyň 6-njy fewralynda Taýýarlygyň we dessin çäreleriň görülmeginiň üpjün edilmeginiň ählumumy strategiki meýilnamasy tassyklanyldy; şunda ynsanperwerlik ugry boýunça Ynsanperwer meselelerini utgaşdyrmak boýunça Müdiriýet BMG-niň esasy düzümi hökmünde çykyş edýär, 28-nji martda СOVID-19-yň ýaýramagyna dessin seslenmegiň Ählumumy ynsanperwer meýilnamasy tassyklanyldy; 30-njy martda СOVID-19-a jogap hökmünde Adatdan daşary durmuş-ykdysady çäreler boýunça BMG-niň Çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu resminamalardan ugur alyp, ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň ýurtlar boýunça wekilhanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda aprel-maý aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we oňa dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Brifingde habar berlişi ýaly, şu gün Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen bu strategiki resminamany tassyklady hem-de ol iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýerine ýetirilen işler üçin ähli hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan etdi we bu Meýilnamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna olaryň işjeň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

Diplomatlara we žurnalistlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisinde çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny tassyklandygy barada habar berildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝNISEF-iň ýurtlar boýunça edarasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan hem-de 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda kabul edilen we görkezilen döwürde çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýanyň üstüni ýetirer. Mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ÝNISEF-iň 2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistan üçin täze Ýurt Maksatnamasynda beýan ediler, bu resminama hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Sebitleýin hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenistanyň häzirki şertlerde meýilnamalaşdyrmakda we hereketleri amala aşyrmakda kiçilikden has ululyga tarap hereket ýörelgesinden ugur alýandygy nygtaldy. Has takygy, ilkinji nobatda, sebitde biziň ýakyn goňşularymyz bilen tejribe, lukmançylyk goragynyň serişdelerini we usullaryny alyşmakda hereketleri utgaşdyrmagyň ygtybarly ulgamyny kemala getirmekdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lokal häsiýetli çözgütleriň durnuklylygyna we ygtybarlylygyna daýanmak bilen, köpugurly teklipleri we başlangyçlary kesgitlemek mümkindir.

Goňşy Eýran döwleti bilen döwlet serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynda bilelikde amala aşyrylýan işler işiň ahyrky netijesine gönükdirilen anyk mysal hökmünde getirildi. Ýükleri we ulag serişdelerini zyýansyzlandyrmak üçin ýörite desgalaryň gurluşygyny hem-de zerur enjamlar bilen üpjün edilmegini maý aýynyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň ýaly işler ýakyn wagtda türkmen-owgan serhedinde hem geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň beýleki ýurtlaryň tejribesine hormat bilen garaýandygy bellenildi, olar eýýäm täze howpa garşy göreşde ygtybarly binýady döretdiler hem-de pandemiýanyň oňaýsyz täsirlerini ýeňip geçmekde özleriniň baý tejribesini paýlaşýarlar. Türkmenistan hem beýleki ýurtlar we halkara guramalarynyň tagallalary bilen bilelikdäki netijeli işleriň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyr.

Bu tejribe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň ýolbaşçysyna iberen hatynda beýan edilýär, ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Bu resminamanyň nusgalary tanyşmak üçin brifinge gatnaşyjylara berildi.

Degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagy pandemiýa garşy göreşde tagallalaryň möhüm bölegi bolup durýar, şeýle binýat döredilmezden islendik, hatda, birkemsiz işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde üstünlige bil baglamak mümkin däldir.

Türkmenistan bu şertleriň ähmiýetine göz ýetirmek bilen, karantin merkezlerini döretmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. Bina edilýän şunuň ýaly ähli desgalar zerur bolan halatynda özbaşdak tertipde işe girizilip bilner. Şol bir wagtda bar bolan karantin merkezleriniň işleri kämilleşdirilýär, sebäbi bu işler bilen her bir tarapyň olaryň çäklerinde ýokanç keselleriniň bardygyna ýa-da onuň ösüş tapgyryna garamazdan, güýçlendirilen depginlerde meşgullanmalydyklary anyk hakykatdyr.

Lukmançylyk ulgamynda, lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny alyşmakda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ösdürilmegi aýratyn möhüm ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň wideoduşuşygynda öňe süren alym-lukmanlaryň Geňeşini döretmek baradaky başlangyjy hem şu maksada gönükdirilendir.

Saglygy goraýşyň Bütindünýä Assambleýasynda hem-de Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň saglygy goraýyş ministrleriniň mundan birnäçe gün öň uzak aralykdan geçirilen duşuşygynda türkmen wekiliýeti bu başlangyjy durmuşa geçirmegiň ýollaryny beýan etdi.

Halkara bileleşigi pandemiýa we onuň oňaýsyz täsirlerine garşy göreşde hünärmenleriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly ähmiýete eýe bolýandygy barada bir pikire geldiler, häzirki wagtda şeýle gatnaşyklar syýasy goldawy hem-de diplomatiýanyň ylmy ugrunyň güýçlendirilmegini talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň başlangyjy saglygy goraýşyň Bütindünýä Assambleýasynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar bilen sazlaşýar, şunda tejribeler, bilimler we keselleri bejermegiň we öňüni almagyň usullary boýunça maglumatlary, lukmançylyk serişdelerini we enjamlaryny, şahsy gorag serişdelerini yzygiderli, ulgamlaýyn we açyk görnüşde alyşmak göz öňünde tutulýar.

Täze wehimlere garşy göreşde alym-lukmanlaryň arasynda gepleşikleri alyp barmak üçin köptaraply meýdançanyň döredilmegi zerur bolan ilkinji ädimdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem bu ýörelgelere eýerip, Ysraýylyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň lukmançylyk bileleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga eýýäm girişendigine ünsi çekýär. Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin maý aýynyň ahyryna çenli we iýun aýynyň dowamynda birnäçe wideomaslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.

Ikitaraplaýyn alyşmalardan başga-da, BSGG-nyň edarasy, onuň Kopengagen şäherindäki sebit edarasy we Aşgabatdaky wekilhanasy bilen işjeň çäreleri alyp barýar. Halkara ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň türkmen tarapynyň teklip edýän esasy üç ugruny görkezmek bolar: ýokanjyň etiologiýasy, onuň ýüze çykmagynyň tebigatyny kesgitlemek ulgamynda hyzmatdaşlyk; täze görnüşli ýokanjyň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmek; bu kesellere garşy göreşde usullary we serişdeleri bilelikde gözlemek.

Häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan waksinalar we beýleki lukmançylyk serişdeleri, bejerişiň teswirnamalary we şuňa meňzeşler bu ulgamda ilkinji derejeli ähmiýete eýedir.

Umuman, Türkmenistan pandemiýa garşy göreşde ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen giň ugurlar boýunça işjeň we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny we meýillidigini tassyklaýar.

Brifingde СOVID-19 täze koronawirus ýokanjyna dessin çäre görmek boýunça Türkmenistanda geçirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat beýan edildi. Bu işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredilen Epidemiýa garşy hökümet topary utgaşdyrýar, onuň düzümine ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri girýärler. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanynda СOVID-19-yň meseleleri boýunça dessin çäre görmäge niýetlenen hökümetara topary hereket edýär. Sebit derejelerinde hem şeýle düzümler işleýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sanitariýa abadançylygyna wehim salmagy mümkin bolan ýagdaýyň ösüp başlan wagtyndan ýurdumyzyň çägine girilýän nokatlarda sanitar-karantin gözegçiligi güýçlendirildi, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ähli adamlaryň bedeniniň gyzgynlyk derejesine aralykdan monitoring geçirilýär, şeýle hem daşary ýurtlara gidýän we daşyndan gelýän adamlara berk gözegçilik ýola goýuldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çägine ýokanjyň getirilmegine garşy durmagyň çäklerinde raýatlaryň halkara howa gatnawlary wagtlaýyn togtadyldy, ýerüsti, derýa we howa ulaglaryny we ulaglaryň beýleki aýry-aýry görnüşleriniň ýurdumyza girmegini we çykmagyny çäklendirýän kadalar girizildi.Häzirki wagtda giriş nokatlaryndan diňe ýük ulaglary geçirilýär.

Ýükleri, awtomobil, deňiz we demir ýol ulaglarynda harytlary getirýän adamlar döwlet serhedinden geçenlerinde hökmany suratda СOVID-19 bilen baglanyşykly gözegçilikden geçirilip, 14 günüň dowamynda karantinde saklanylýar.

Hereket edýän serhetdäki giriş geçelgelerinde durmuş ugurly desgalar guruldy we ulanmaga berildi, olarda awtomobil we demir ýol ulaglary babatynda zyýansyzlandyryş çäreleri geçirilýär, zerur bolan halatynda ösümlik gelip çykyşy bolan ýükleriň fitosanitariýa fumigasiýasy geçirilýär.

СOVID-19-yň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň Pudagara meýilnamasynyň çäklerinde birnäçe kanunçylyk resminamalaryna gaýtadan seredildi. Epidemiologiýa gözegçiligi, ýokanç keselleriň öňüni alyş, olary anyklaýyş we bejeriş meselelerine degişli kadalaşdyryjy hem-de usulyýet namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ähli lukmançylyk edaralarynyň işine we taýýarlygyna, derman serişdeleri we beýleki lukmançylyk önümleri bilen üpjünçilik derejesine doly toplumlaýyn baha berildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça zerur bolan derman serişdeleriniň, zyýansyzlandyryjy, şahsy gorag we beýleki serişdeleriň ätiýaçlyk gorlary döredildi. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň işgärleriniň hem-de serhetdäki geçelge nokatlarynyň hünärmenleriniň şahsy gorag serişdelerinden dogry peýdalanmaklary hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekleri boýunça yzygiderli tejribe okuwlary geçirilýär.

BSGG tarapyndan Dümew boýunça milli merkez hökmünde derejesi ykrar edilen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusologiýa barlaghanasy hem-de bellenilen alty sany welaýat barlaghanalary СOVID-19-y anyklamak üçin lukmançylyk synagdan geçiriş enjamlary bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Ýokarda görkezilen ähli barlaghanalaryň hünärmenleri degişli taýýarlyk okuwlaryny geçdiler.

Şol bir wagtda, dürli hojalyk düzümleriniň işine döwlet sanitariýa gözegçiligi boýunça çäreler güýçlendirildi. Şunda, daşky gurşawy goraýyş, agyz suwy, azyk önümleri, howanyň, topragyň we beýlekileriň arassaçylygyny üpjün edýän desgalarda geçirilýän barlaghana gözegçilikleri artdyryldy. Ähli guramalarda we edaralarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, ulag serişdelerinde, serhetlerde hem-de ilatly ýerlerde öňüni alyş zyýansyzlandyryş boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygana laýyklykda ilat arasynda, bilim edaralarynda, harby bölümlerde, önümçilik kärhanalarynda ýiti ýokanç keselleri bilen kesellemegiň töwekgelçiliklerini azaltmak, sanitar kadalarynyň maslahat berilýän düzgünlerini we şahsy arassaçylyk kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgesini alyp barmak boýunça düşündiriş işleri geçirilýär. Bu mesele köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli beýan edilýär. “Ýörite bu mesele boýunça” telefon aragatnaşygy ýola goýuldy, onuň üsti bilen ilaty tolgundyrýan meselelere degişli maglumatlary we jogaplary almak mümkindir.

Şeýle hem brifingde BSGG-nyň Ýewropa sebit edarasynyň we bu guramanyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň utgaşdyrmagynda maglumat serişdelerini, maslahatlary, täze koronawirus ýokanjynyň getirilmeginiň mümkin bolan töwekgelçilikleriniň öňüni almak boýunça milli gollanmalary işläp taýýarlamak, okuw sapaklaryny geçmek boýunça goldaw berilýändigi bellenildi.

Brifingde bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitiň we dünýäniň döwletlerinde emele gelen ýagdaýy hasaba almak bilen, СOVID-19-a garşy durmagyň toplumlaýyn öňüni alyş çärelerini geçirmegi dowam etdirer, ýurdumyza СOVID-19-yň getirilmegine ýol berilmeýän derejäni saklamakda zerur çäreleri görýär.

Duşuşykda şeýle hem, halkara guramalarynyň wekilleri, şol sanda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Natalýa Drozd we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle maglumat brifingleriň guralýandygy hem-de hyzmatdaşlygyň, şol sanda onlaýn we wideoaragatnaşyk tertibinde gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem pandemiýanyň ýurtlaryň aglaba köpüsiniň durmuşynyň ählumumy gün tertibine we dürli ulgamlaryna düýpli üýtgetmeleri girizendigi bellenildi. Bütin dünýäniň alymlary waksinany döretmegiň üstünde işleýärler hem-de şeýle serişde oýlanyp tapylýança СOVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler pandemiýa garşy göreşde has netijeli işleriň biri bolup durýar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan Türkmenistanda howply ýokanjyň ýurduň çägine aralaşmagyna ýol berilmedi.

Munuň özi ýurduň hökümeti tarapyndan öz wagtynda geçirilen yzygiderli çäreleriň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň pandemiýa garşy göreşde raýdaşlyk babatynda halkara derejesinde eýeleýän işjeň ornuna, şeýle hem bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hem-de СOVID-19 pandemiýasynyň oňaýsyz durmuş-ykdysady netijelerini peseltmek boýunça başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigine ýokary baha berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter