Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 24.05.2020 // 163 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.


***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk dileýäris.

Tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,
Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglary ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňizi, halkyňyzy hem-de tutuş adamzady koronawirus pandemiýasyndan goramagyny dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduňyza üstünlikleri we abadançylygy, türkmen halkyna bolsa, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de iki döwletiň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegini arzuw edýäris.

Baýramyňyz gutly bolsun!
Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny asylly işleriň mübärek aýynyň tamamlanmagyny alamatlandyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatyna jebislik, abadançylyk hem-de üstünlikleri dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi we Siziň halkyňyzy mukaddes Oraza baýramy mynasybetli öz adymdan hem-de azerbaýjan halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram yslamyň belent gymmatlyklaryny, ahlak tämizligini we hoşniýetliligi alamatlandyrýar.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk we üstünlikleri, doganlyk Türkmenistana hemişelik parahatçylygy we abadançylygy arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,
Ilham Alyýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Asyrlaryň dowamynda tutuş dünýäniň musulmanlary tarapyndan çuňňur sarpa we şatlyk duýgulary bilen bellenilýän ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň hem-de hoşallygyň baýramy bolan Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlamak hem-de Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende örän uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Biziň syýasy erkimiz netijesinde, soňky ýyllarda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösýändigi hem-de ähli ugurlarda giňelýändigini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şol gatnaşyklar doganlyk özbek we türkmen halklarynyň taryhy, dini we medeni ýakynlygyna esaslanandyr.

Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ynanyşmak, hormatlamak hem-de birek-biregi goldamak ruhunda mundan beýläk-de durnukly we netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Dünýäniň ähli musulmanlarynyň Beýik Biribaryň çäksiz rehimdarlygy bilen belleýän şu mukaddes we eşretli günlerinde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Sizi we Siziň dostlukly halkyňyzy tüýs ýürekden gutlamak mende örän uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Ynsanperwerlik maksatlaryna esaslanan bu nurana baýramçylyk hoşniýetlilige, rehimdarlyga we ynsanperwerlige, birek-birege goldaw berilmegine we özara düşünişmäge çagyrýar.

Bu mukaddes baýramyň umumadamzat maksatlarynyň biziň halklarymyza häzirki agyr günleri bilelikde ýeňip geçmäge hem-de dostlugyň we özara bähbitli gatnaşyklaryň taryhy däplerine esaslanan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Dünýäniň ähli musulmanlary üçin şu röwşen günlerde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Siziň ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa, mundan beýläkde abadançylyk arzuw edýärin!

Abdulla II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Oraza baýramy mynasybetli Size jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Goý, mukaddes Oraza baýramy tutuş musulman ymmatynyň raýdaşlygyny pugtalandyrsyn!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa, abadançylyk hem-de rowaçlyk dileýärin.

Tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat goýýandygym baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,
Mohammed bin Raşid Al-Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaý emirliginiň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa, abadançylyk hem-de rowaçlyk dileýärin.

Tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat goýýandygym baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,
Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýan,
Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň
Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident,

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Bu aýda biz halklarymyzyň hem-de ähli musulman ymmatynyň rowaçlygy barada Beýik Biribardan dünýädäki doganlarymyza parahatçylyk we abadançylyk, adamzadyň duçar bolan koronawirus pandemiýasyndan halas etmegini dileg etdik.

Size parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Hormatlamak bilen,
R.Kadyrow,
Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň baştutany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň adyndan we öz adymdan Size hem-de Siziň maşgalaňyza mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, Beýik Allatagala COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ýagdaýlarda bize güýç-gaýrat we sabyrlylyk bersin! Biz Türkmenistanda bu ýokanjyň ýeke ýagdaýynyň hem bolmandygyny eşidip, örän begendik. Siziň ajaýyp ýurduňyzda täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Siziň ýolbaşçylygyňyzda zerur ähli çäreleriň görlendigine biz oňat düşünýäris.

Pursatdan peýdalanyp, 2021-nji ýylyň 21 — 30-njy maýynda Bangkok we Pattaýýa şäherlerinde (Tailand) Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň guraljakdygyny habar bermek isleýärin. Aziýanyň Olimpiýa geňeşi hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 45-si 2017-nji ýylyň sentýabrynda ajaýyp Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ajaýyp guralandygyny häzire çenli unutmaýarlar hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we ähli agzalarymyzyň adyndan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda geçirilen şol oýunlaryň üstünlikli bolmagyna goşan uly goşandyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hormatly Prezident!

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulan milli göreşi ösdürmäge bolan uly gyzyklanmaňyzy, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky dowamly we ýakyn gatnaşyklary nazara almak bilen hem-de V Aziýa oýunlarynyň dowamly mirasyna öwrülmegi hem-de Aziýa yklymynda sportuň bu görnüşini has-da ilerletmek we ösdürmek üçin men milli göreşi 2021-nji ýylda Tailandda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň resmi sport maksatnamasyna goşmak kararyna geldim.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmekde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,
Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah,
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter