Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 26.05.2020 // 206 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we bu düzümiň baş direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary berkitmegi esasy ugur edinýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerindäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we GFR söwda-ykdysady ugurda netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň Germaniýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýangyç-energetika toplumy, maşyn gurluşygy, ulag hem-de logistika, oba hojalygy, gurluşyk senagaty we senagatyň başga-da birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion usulda ösdürilýändigi bellenildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy üpjün edilýär.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Gepleşikleriň barşynda nemes tarapynyň wekilleri öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň biri bolmak bilen, bu ugurda özüniň toplan tejribesini, täzeçil ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdylar.

* * *

Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky binasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda garalan esasy mesele BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine Milli hasabatyň taýýarlanylmagyna bagyşlandy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guralan onlaýn duşuşygyna Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyna girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokary hilli hem-de dünýä ölçeglerine gabat bilim we terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 22-nji maýda gol çeken Karary hem hut şu ugra gönükdirilendir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurda gazanýan üstünlikleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Halkymyz we ösüp barýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi hakyndaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň möhüm ugrudyr. Munuň özi Diýarymyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagynda öz beýanyny tapdy.

* * *

Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ylymlaryň doktory, professor Iwan Kuzmin bilen geçirilen onlaýn duşuşykda oba hojalyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine garaldy.

Bu duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere esasy ylmy edaralaryň hünärmenleri we görnükli oba hojalykçy alymlar bilen bu ugurda öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin yzygiderli ýagdaýda duşuşyklary geçirmek boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde şeýle hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, oba hojalyk pudagynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna ýardam berýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynda iň soňky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda ugurdaş daşary ýurt edaralary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi bilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribeler alyşmak üçin ileri tutulýan ugurlar görkezildi, bu ugur hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter