Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Ykdysadyýet

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 27.05.2020 // 203 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary nazarda tutulyp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geologiýa-barlag işlerini, seýsmiki barlaglary geçirmek, känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de kenarýaka zolaklardaky känleri senagat taýdan özleşdirmek, uglewodorodlaryň gazylyp alnyşyny işjeňleşdirmek, gaz we nebithimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gazulag düzümlerini ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.

Şunda pudaga täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň ileri tutulýan derejede uly ähmiýet berýän hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

***

Şu gün ýurdumyzyň Energetika ministrliginde geçirilen onlaýn duşuşykda «Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň» taslamasyny taýýarlamak esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Gepleşikleriň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa bilen ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.

Elektroenergiýany üstaşyr geçirmek we eksport etmek babatda geljek üçin niýetlenip amala aşyrylýan we meýilleşdirilen taslamalaryň pudagyň serişde kuwwatyny göz öňünde tutup, iki döwletiň anyk özara hereket etmegi hem-de hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy üçin elektroenergetikada oňat mümkinçilikler bar.

Hususan-da, munuň özi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny baglaşdyrmak, 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň umumy elektroenergetika bazaryny döretmek boýunça taslamalara we beýlekilere degişlidir.

***

Şu günler Merkezi bankyň ýolbaşçylarynyň «Deutsche Bank AG» bankynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongarts bilen geçirilýän onlaýn duşuşyklarynyň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň maliýe toparlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çärelere ýokary baha berilýär. Şol çäreler tutuş dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde Türkmenistanda ykdysady durnuklylygy saklamaga hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Merkezi bankyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň başyny başlan makroykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň dünýäniň esasy maliýe düzümleri, şol sanda Germaniýanyň iri bank konserni bolan «Deutsche Bank AG» banky bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini beýan etdiler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda eýýäm birnäçe möhüm taslamalar durmuşa geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

***

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahaty demir ýol we awtoulaglary bilen üstaşyr daşalýan ýükleriň serhetlerden geçişiniň amallaryny ýeňilleşdirmek baradaky meselelere bagyşlandy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan okuw maslahatyna gatnaşyjylar bu ulgamda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny aýdyp, ulag gatnawlarynyň netijeliligini üpjün etmek, serhetýaka amallary hem-de degişli gulluklaryň işlerini has oňaýly ýagdaýlara getirmek, ýükleriň ulaglar arkaly serhetüsti daşalmagyny guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda hem-de beýlekilerde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Şu babatda ulag ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, söwda, gümrük amallary boýunça utgaşykly işleriň hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy, munuň bolsa ykdysady we durnukly ösüşi gazanmaga hyzmat etjekdigi bellenildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek arkaly netijeli söwda geçelgelerini hem-de Ýewraziýa ulag gatnawlaryny ösdürmek babatda demir ýol we awtomobil ulaglarynyň ägirt uly kuwwatyny ulanmak meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ýörelgesini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamynda milli kanunçylygy halkara şertnamalarynyň şertlerine hem-de BMG-niň Konwensiýalaryna kybap getirmek meselelerine örän uly üns berýändigi bellenildi.

***

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan geňeşmeler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň (EAG) çäklerinde berilýän milli hasabatlary taýýarlamagyň möhüm ugurlaryna bagyşlanyldy.

Duşuşyga gatnaşmaga ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenleri çagyryldy. Olaryň işi maliýe gözegçiligini üpjün etmäge hem-de terrorizmi maliýeleşdirmäge garşy hereket etmäge gönükdirilendir.

EAG pullaryň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşmegiň maliýe ugurlaryna degişli çäreleri işläp taýýarlaýan toparyň sebitleýin birleşmesi we assosirlenen agzasy bolmak bilen, halkara terrorçylygyň howpuny peseltmekde, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, aýdyňlygy, ygtybarlylygy hem-de agza döwletleriň maliýe ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistan şu meselede hem işjeň orny eýeläp, tagallalaryň birleşdirilmegi, pullary kanunylaşdyrmak boýunça maliýe işleriniň ýüze çykarylmagy we öňüniň alynmagy, howpsuzlyga ýetirilýän zyýany, şol sanda guramaçylykly jenaýatçylygy, terrorçylygy, radikalizmi hem-de ekstremizmi ýok etmek üçin ýeke-täk toplumlaýyn çemeleşmäniň işlenilip taýýarlanylmagy ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk binýadymyz yzygiderli kämilleşdirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribeleriň we maglumatlaryň alşylmagy ýola goýulýar, hereket edýän halkara ölçegler hem-de öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär.

***

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň dünýä derejesindäki gözden geçirilişlere gatnaşmagynyň olara gelýän köp sanly adamlara ýurdumyzyň häzirki zamandaky gazananlary, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berip, öndürilýän harytlaryň, önümleriň hem-de hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda ýerlenilmegine, hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam edýändigi bellenildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýlaryny nazarda tutup, «EKSPO — 2020-niň» geçirilmegini geljek ýyla geçirmek boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň öňe süren başlangyjyny ýurdumyzyň goldandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, guramaçylyk meselelerine garaldy.

Taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler göz öňünde tutulyp, işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş etdiler. Geljek ýyl ýurdumyzyň Bütindünýä forumyna gatnaşmagynyň dürli pudaklarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem ýardam etjekdigi nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter