Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär | TDH
Ykdysadyýet

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

опубликованно 31.05.2020 // 144 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlandy. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

El hünäriniň ajaýyp milli nusgasynyň ykrar edilmeginiň we zehini hem-de ýadawsyz tagallasy arkaly gözelligi, inçeligi bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan halylary dokaýan ussat halyçylaryň çekýän asylly zähmetine goýulýan hormatyň nyşany hökmünde esaslandyrylan bu baýramçylyk milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň maddy däl we medeni-ruhy mirasynyň beýik gymmatlygy bolan amaly-haşam sungatynyň milli görnüşlerini saklamak boýunça edýän tagallalarynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Halyçylyk sungaty halkymyzyň dünýägaraýşyny, geçmiş taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny we nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwyny özünde jemleýär. Sünnälik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Ol türkmen halkynyň agzybirligini we bütewüligini alamatlandyrmak bilen bu nyşanlar ajaýyplyga gyzyklanmalary äşgär edýär.

Söwda-senagat edarasynda guralan şu gezekki sergi-ýarmarkanyň çäklerinde diňe bir haly önümleri däl, eýsem, milli şaý-sepler, dokma önümleri, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän başga-da köp sanly harytlar-- gymmatlyklaryň 120-den gowragy görkezildi. Oňa meşhur halyçylar, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Sergi merkezinde ir säher bilen baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ýurdumyzyň folklor we tans toparlary, aýdymçylar hem-de sazandalar özleriniň joşgunly çykyşlary bilen aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän halyçylygyň esasy ugurlaryny wasp etdiler.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, medeniýet hem-de sungat işgärleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýurdumyzyň meşhur halyçylary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda, «Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarynda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň alamatydyr» diýlip bellenilýär.

Milli Liderimiz ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisinde Türkmen halyçylyk sungatyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdi kabul etmeginiň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň giňden wagyz edilmegine, gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalary guramaga hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» ýaly eserleri döreden, gadymy milli ýörelgeleri ösdürýän hem-de olaryň wagyz edilmegine giň ýol açýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamagy öwrenmegi hem-de wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi, şunda el halyçylygy sungatynyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär.

Muny şu gezekki sergi hem aýdyň tassyklaýar, onda muzeý gymmatlyklary we çeper elli halyçylaryň dokan häzirki zaman halylary görkezildi.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylyk kärhanalarynyň işgärlerini sarpalamak çäresi boldy.

Serginiň täsin gymmatlyklarynyň hatarynda alymlaryň Altaý daglaryndan tapan meşhur «pazyryk halysynyň» ajaýyp görnüşde dokalan täze nusgasy bar. Ol hut türkmen halylaryna mahsus bolan iki çitimli simmetriki usulda dokalandyr, onda däp bolan göller hem-de reňk toplumlary gaýtalanylýar.

Ussat halyçylaryň asyrlar aşyp gelýän bu baky sungatynyň özboluşly berk tertip-düzgünleriniň bardygyny bellemeli. Däp bolan halyşynaslygyň ýörelgelerinde reňkleriň sazlaşygy, olaryň görnüşleri, ölçegleri, şekilleri görkezildi. Ägirt uly sergide diňe bir ýüňden däl, eýsem, ýüpekden dokalan halylar görkezilýär, şolaryň gözelligi haýrana goýýar.

Häzirki wagtda şeýle bezeg halylaryna isleg artdy. Ussat halyçylar suratkeş-dizaýnerler tarapyndan işlenip taýýarlanylan taslamalary amala aşyrýarlar. Halyçylaryň halal zähmetiniň miwesini ýurdumyzdaky köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň, bilim we sport edaralarynyň, myhmanhanalaryň, şypahanalaryň, edara ediş hem-de önümçilik maksatly edaralaryň içinde görmek bolýar.

Şeýle üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagy ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi netijesinde mümkin boldy. Çeper senetkärçiligi giňden wagyz etmek, gadymy halyşynaslyk nusgalaryny saklamak maksady bilen Diýarymyzyň haly pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary gurulýar hem-de şolarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de oňaýly dynç almagy üçin zerur şertler döredilýär.

Sergi-ýarmarkanyň myhmanlary bu görnüşleri haýran galmak bilen synlap, ajaýyp halylary wideo hem-de fotokameralar arkaly surata düşürdiler. Munuň özi nusgawy halylar, tebigatyň görnüşleri şekillendirilen we ajaýyp suratlary janlandyrýan haly önümlerine islegiň ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem halylarda mähriban topragymyzyň tebigy gözelligini özünde jemleýän ahalteke bedewleriniň şekilleri janlandyrylypdyr.

Uly halylar hem-de ýörite dokalan torbalar, gapjyklar we sowgatlyk önümleriň ägirt uly toplumlary sergä gatnaşyjylara hödürlenildi. Şaý-sepler, ketenä dokalan milli nagyşlaryň döwrebap görnüşleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Häzirki döwürde şunuň ýaly işleriň awtorlary, öz işine ussat halyçylar milli däpleri dowam etdirmekde ussatlyk derejesine ýetýärler. Olar yhlasly zähmet arkaly bagtyýarlyk döwrüniň önümleriniň ösdürilmegine hem-de wagyz edilmegine saldamly goşant goşýarlar.

Halkara sergisiniň köpöwüşginli ugurlary we bu ýerdäki baýramçylyk ýagdaýy halyçylyk boýunça milli däpleriň ugry hakynda belli bir derejede düşünje almaga, türkmen özboluşlylygy hem-de häsiýeti, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we sungaty bu ugurda alnyp barylýan işlere göz ýetirmäge kömek etdi.

Şeýle hem şu gün Söwda-senagat edarasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХ maslahaty geçirildi.

Oňa Azerbaýjanyň halkara muzeýler geňeşiniň milli komitetiniň başlygy, Berlin döwlet arheologiýa muzeýiniň müdiri hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «TEСHСON GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň «Linkway» kompaniýasynyň ýolbaşçysy we Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan bu ugur boýunça hünärmenler, türkmen halyşynaslygynyň muşdaklary hem-de Ýaponiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan taryhçy-alymlar, sungaty öwrenijiler, bilermenler, ussat halyşynaslar hem-de haly önümlerini toplaýjylar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda olar wideoaragatnaşyk arkaly türkmen halkynyň ruhy hem-de medeni mirasyny aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, el halylarynyň milli däplerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini baýlaşdyrmak, pudaga iň täze senagat işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri dünýäde uly şöhrat gazanan türkmen halylarynyň bu gün nepisligi bilen haýran galdyrýandygy nygtaldy. Täze taryhy eýýamda halyçylyk sungaty köp asyrlyk tejribä daýanylyp, döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrylýar hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Çykyş edenler haly nagyşlarynyň gelip çykyşynyň taryhy boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri, dürli ýurtlarda halyçylyk sungatynyň ösdürilişi barada giňişleýin maglumat berdiler.

Maslahata gatnaşyjylara Altaý daglarynyň Pazyryk belentligindäki depeleriň birinde tapylan gadymy halynyň häzirkizaman nusgasy görkezildi. Onuň dokalan wagty, takmynan, biziň eýýamymyzdan ozalky V asyra degişli diýlip çak edilýär. Gadymy türkmen halyçylarynyň bu naýbaşy halysy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň dünýäniň köp dillerine terjime edilen «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle ýazýar:

«Ýüň ýüplükden örän syk dokalan, sugunlaryň, bürgüt ganatly, ýolbarslaryň, atlaryň şekili çitilen bu düşek 1949-njy ýylda Daglyk Altaýda şalaryň mazar gorganynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapyldy. Özem haly örän gowy saklanypdyr, oňa şol ýeriň howa şertleri sebäp bolupdyr, çünki gonamçylyga suw hem howa girip, haly buzuň içinde doňup galypdyr we çüýräp gitmändir».

Häzirki wagtda «pazyryk halysynyň» taryhyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary öwrenýärler. Bu halynyň nusgasy bolsa «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan görkezildi.

Meşhur halynyň bu nusgasy Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanasynda dokaldy. Onuň ölçegleri — boýy 2,06 metr bolup, ini 1,97 metre barabardyr. Halynyň umumy meýdany 4,06 inedördül metre deňdir. Bir inedördül metrde 385 müň çitim bolup, jemi hala 1 563100 çitim siňdirilendir.

Agşamlyk «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Ertir sergi-ýarmarka we maslahat öz işini dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter