Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi

опубликованно 01.06.2020 // 156 - просмотров
 

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Bu ugurda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň ilkinji tapgyrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.

Ministrler şeýle-de koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de epidemiýa wehimlerine garşy ählumumy tagallalaryň netijeli gurallarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.

Dürli ugurlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugry boýunça özarahereketleriň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter