Türkmen-Tatarstan hyzmatdaşlygy boýunça iş toparynyň onlaýn-mejlisi geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-Tatarstan hyzmatdaşlygy boýunça iş toparynyň onlaýn-mejlisi geçirildi

опубликованно 04.06.2020 // 130 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Ezizgeldi Annamuhammedow Türkmen-Tatarystan yksysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň başlyklarynyň biri - Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen onlaýn-gepleşikler geçirdi.

Taraplar Russiýa Federasiýasy bilen üstünlikli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini bellediler. Şu jähtden 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky özara söwdanyň möçberiniň 5 esse artyp, ABŞ-nyň 120 million dollaryndan-da geçenligi, 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa bu görkezijiniň ABŞ-nyň 33 million dollaryna golaý bolandygy nygtaldy.

Duşuşykda Iş toparynyň 2019-njy ýylyň maýynda Kazanda geçirilen 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bähbitleriň utgaşýan ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda maşyngurluşygy, gämigurluşygy, nebit-himiýasy, awiasiýa senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar bar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler, ozaly bilen, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmagy, ony innowasion ýörelgelere geçirmegi, täze pudaklary döretmegi, eksporta gönükdirilen ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini çykarmagy göz öňünde tutýar. Şu jähtden türkmen tarapy Tatarystanyň «КАМАЗ», «Татнефть», «Казанский вертолетный завод» kompaniýalary, «Ак Барс» gämigurluşyk korporasiýasy, «МВЕН», «Комплексное Энергоразвитие –Холдинг» Dolandyryjy kompaniýasy, «Казанькомпрессормаш», «Тулпар», «Елабужский аккумуляторный завод» APJ, «Кукморский завод металлопосуды», «Татхимфармпрепараты», «Эйдос-медицина», «Аркодим» APJ, «Нефтех», «КАМА» ÝPJ, «ТПК МТЗ-Татарстан» we «РариТЭК» JÇJ we beýleki iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlykda geljegi uly ugurlaryň arasynda ylym-bilim ulgamynda, şol sanda türkmen ykdysadyýetiniň pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, nebit çykarmakda bilelikde gözlegleri geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň we RF-iň Tatarstan Respublikasynyň alymlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak bellenildi.

Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek jähtinden Tatarstan Respublikasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Albert Karimow 2021-nji ýylda Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi, şeýle hem 2020-nji ýylyň 4-9-njy sentýabrynda geçiriljek musulman kinosynyň Kazan XVI halkara festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar Türkmen-Tatarstan yksysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň nobatdaky, 7nji mejlisini 2020-nji ýylyň 4-nji çärýeginde geçirmegi bellediler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter