Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 05.06.2020 // 313 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradowyň üstüne ýüklenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine, köpýyllyk haşal otlara garşy göreşmekde, gowaçanyň ýapragyny düşürmekde hem-de 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, karantin we galla ammarlarynyň zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmekde zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek üçin ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter