Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat | TDH
Jemgyýet

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

опубликованно 05.06.2020 // 204 - просмотров
 

Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu foruma ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, milli parlamentiň deputatlary, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy,
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleler boýunça merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasy ýaly, iri halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Bu sene her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga bolan tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde bu sene mynasybetli we Ýer ýüzüniň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüliginiň goragyny öz içine alýan medeni-aň bilim çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesi bilen gabat gelmegi aýratyn bellärliklidir we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşigiň tagallalaryny tebigaty goramak, Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde ekologiýa maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça wajyp wezipeleriň çözgüdine gönükdirilmegini esasy ugur edinýän daşary syýasat strategiýasynyň çäklerinde has-da möhümdir.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak pudagynyň ähli işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň baş maksadynyň raýatlarymyzyň durmuşy üçin amatly daşky gurşawy üpjün etmekden, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan, tebigaty geljek nesiller üçin baýlaşdyrmakdan we saklamakdan, bu ugurda sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygy barada aýdylýar.

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir.

«Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr» diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler hemmetaraplaýyn beýan edildi.

BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak hakynda, çölleşmä garşy göreş, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky Konwensiýalary, suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasyny, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýasyny we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli amala aşyrýar.

Şu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýleki abraýly düzümleri bilen bilelikde ýurt we sebitleýin derejedäki onlarça maksatnamalar hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinji ýurtlaryň hatarynda milli derejede utgaşdyran Türkmenistan «2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň» durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we giň möçberli özgertmeleri hem-de geljegi uly ösüş maksatnamalaryny düzmekde, olary durmuşa geçirmekde Durnukly ösüş maksatnamalarynyň binýatlaýyn ugurlaryny we görkezijilerini ulgamlaýyn esasda peýdalanyp, degişli işleri alyp barýar. BMG-niň kabul eden maksatnamalaýyn resminamalarynyň her bir ugry boýunça biziň döwletimiz oňyn tejribe toplady. Ol sebitleýin we dünýä derejesinde zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, «Rio+20» Bütindünýä sammitinde, BMG-niň Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, BMG-niň yglan eden Hereketleriň onýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş üçin suw: 2018 — 2028-nji ýyllar» atly Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki halkara maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek we BMG-niň Suw strategiýasy boýunça ýörite maksatnamalaryny taýýarlamak, şeýle hem ajaýyp biologik toplumy bilen tutuş adamzadyň gymmatlygyna öwrülen Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň işjeň köptaraply guralyny döretmek hakyndaky teklipler bar.

Şeýle başlangyçlary öňe sürmek bilen, ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Suw, ýer we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligini we tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa babatdaky düşünjesini artdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem nebitgaz toplumynda, elektroenergetika, himiýa senagatlarynda, ulag we beýleki pudaklarda howa goýberilýän parnik gazlaryny azaltmaga mümkinçilik berýän netijeli «arassa ösüş gurallarynyň» döredilmegine möhüm üns berilýär.

Hususan-da, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi döwletiň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyna gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar.

Onlaýn maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny belli derejede şertlendirýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda Garagum sährasyndaky «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyny, Milli tokaý maksatnamasyny görkezmek bolar. Häzirki zaman «ýaşyl» tehnologiýalar Hazaryň kenarynda döredilen dünýä derejeli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň möhüm şertine öwrüldi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny gorap saklamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu babatda Garagum sährasyna möhüm orun degişlidir. Köýtendag, Bathyz we Repetek goraghanalarynyň, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň köp dürli ösümlik we haýwanat dünýäsi milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.

Hazar deňzinde daşky gurşawy goramak, onuň baý tebigy we biologiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Hazaryň ekologiýa abadançylygynyň saklanmagyna möhüm ähmiýet berilmegi baý we köp dürli haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi bilen hakyky merjene öwrülen deňziň esasy derejesiniň çäklerinde aýratyn ähmiýetlidir.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasy özboluşly ajaýyp toplum bolup durýar. Bu künjegiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýüzlerçe görnüşleri dünýäniň biologik dürlüliginiň bahasyz genofonduny düzýär. Bu ýerde dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän ösümlikleriň görnüşleriniň bardygyny bellemeli.

Goraghananyň çäginiň ýokarsynda göçýän guşlaryň Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika ugurlary kesişýär. Deňiz aýlagy we suw-batgalyk ýerler guşlaryň düşläp geçýän, höwürtgeleýän we gyşlaýan künjegi bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin hem bu ýerler halkara ähmiýetli künjek derejesi bilen Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi. Hazar düwlenleriniň bolýan ajaýyp deňiz giňişliklerini saklamak boýunça tebigaty goraýyş ähmiýetli taslama durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän ekologiýa çäreleriniň häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny, munuň özüniň halk hojalygyny tebigy serişdelerden peýdalanmagyň täze ugurlaryna geçirmek üçin amatly şerti emele getirýändigini belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Ilatyň sagdyn durmuş şertlerini, daşky gurşawy goramak hem-de üpjün etmek, onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, döwletimiz tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrýar» diýlip, kanunçylyk taýdan berkidildi.

Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» we beýlekiler ýaly Kanunlary hem-de Tokaý kodeksi halkara hukugyň kadalaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi. Bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň, hususan-da, suwdan netijeli peýdalanmak, energiýa netijeliligi, çölleşmä we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, oba we suw hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, şäherleriň durnukly ösüşi babatdaky gatnaşyklar barada aýdyldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti», şeýle hem Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda «Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri» ady bilen mowzuklaýyn maslahatlar geçirildi.

Şu günki maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdiler. Onda daşky gurşawy goraýyş çärelerine ägirt uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirilip, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, mähriban Watanymyzyň daşky gurşawyny goramak maksady bilen, ekologiýa taýdan ähmiýetli durnukly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigi we oňyn tejribeleriň ulanyljakdygy barada aýdylýar.

Ýurdumyzyň tebigaty goraýyş ulgamynda ýeten derejesi barada giňden gürrüň berýän sergi oba hojalyk toplumynyň binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen ekologiýa taslamalarynyň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sergide möhüm orun eýeledi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter