Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 13.06.2020 // 220 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, göni arassalanan benzini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymly polietilen Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Owganystandan gelen täjirleriň söwdasynyň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplükden tekiz reňklenen we tüýjümek önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 868 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 200 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter