Türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

опубликованно 23.06.2020 // 167 - просмотров
 

Wideomaslahat görnüşinde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekilýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hem-de onuň özbek kärdeşi Ilhomjon Nematow ýolbaşçylyk etdiler.

Onlaýn-duşuşykda özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi hem-de ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.

Taraplar halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde jebis gatnaşyklara taýýardyklaryny, şeýle hem ýurtlaryň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Şu jähtden Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda import-eksport işlerini kämilleşdirmegiň zerurlygyna, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine üns berildi.

Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň orunbasary K. Gurbanow we Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary B. Abidow bu mesele boýunça taraplaryň garaýyşlaryny beýan etdiler.

Energetika we suw hojalygy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň geljegine, şeýle hem üstaşyr ýük daşamak üçin şertleri kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy. Koronawirus pandemiýasy şertlerinde serhetüsti gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Iki ýurduň wekilleri medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge isleg bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter