Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça maslahat geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça maslahat geçirdi

опубликованно 25.06.2020 // 628 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatda saglygy goraýşyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak arkaly saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giňişleýin maglumat berildi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň döremeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan täze hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň täze usullaryny özleşdirmek, şeýle hem bilim maksatnamasyna täze ugurlary girizmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda gutardyş synaglary dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary işjeň peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzda degişli düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär diýip belledi. Bu ugur boýunça alnyp barylýan işleri ylmy esasda ösdürmek, häzirki zaman ylmyndan, täzeçil tehnologiýalardan baş çykarýan bilimli, köptaraply, döredijilikli pikirlenýän ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ylmy-tehniki ösüşiň wajyp ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin işgärler üpjünçiligini berkitmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärler üçin giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýtdy.

Ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, olarda taýýarlanýan hünärmenleriň bilim we hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk getirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, milli Liderimiz birnäçe hünärler boýunça täze ugurlary girizmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek ýaşlaryň sanyny kesgitlemek we bu ugur boýunça degişli tertipnamany taýýarlamak meselelerini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow häzirki döwürde ýurdumyzyň bank-maliýe toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem halk hojalygy toplumynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetli bolan çäreleri işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Bazar gatnaşyklarynyň täzeçil usullar we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda çalt ösýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şertlerde hojalyk işini guramagyň barha köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz milli ykdysadyýeti täzeçil usullar arkaly ösdürmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi we häzirki çylşyrymly şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ilatymyzyň saglygyny goramaga, halkara ykdysady ulgamyň ýurdumyzyň ýagdaýyna bolan ýaramaz täsirini peseltmäge, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen anyk işler durmuşa geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi, halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeňleşdirilmegi bilen baglanyşykly başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Şeýle hem degişli düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter