Galla oragynyň ýokary depgini | TDH
Ykdysadyýet

Galla oragynyň ýokary depgini

опубликованно 25.06.2020 // 170 - просмотров
 

Türkmenistanda galla oragynyň depgini barha ýokarlanýar. Ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda tutanýerli zähmet dowam edýär. Türkmen ekerançylary ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hyjuwynda sazlaşykly işleýärler.

25-nji iýunda ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýene-de hoş habarlar gelip gowuşdy. Ahal welaýatynyň Tejen etraby şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Bu ýerde guşgursak bugdaýyň 86 müň tonnadan gowragy ýygnaldy.

Welaýatda jemi 200 müň gektara golaý meýdanda güýzlük bugdaýyň ekilendigini bellemelidiris. Galla oragynyň ýokary depgini öňde goýlan maksada ýetiljekdigine, –welaýat boýunça döwlete saýlama “ak bugdaýyň” 400 müň tonnasynyň tabşyryljakdygyna ynam döredýär.

Mary welaýatynyň iň gowy kärendeçileriniň ýüzlerçesi bol hasyl ýetişdirip, özleriniň ekin meýdanlarynda galla oragyny tamamladylar. Baýramaly etrabynda Watanymyzyň uly harmanyna ýokary hilli bugdaýyň 39 müň tonna golaýy, Türkmengala etrabyndan 31 müň 100 tonnadan gowragy, Oguzhan etrabyndan bolsa, ak bugdaýyň 30 müň tonnadan gowragy ugradyldy.

Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynda hem galla oragy gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz dowam edýär. Şol ýerde daýhan hojalyklaryň köpüsi şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Kerki etrabynda 20 müň 500 tonnadan gowrak, Darganata etrabynda 5 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý taýýarlanyldy.

24-nji iýunda ýedi etrabyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada milli Liderimize hasabat berendigini ýatlatmalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, azyklyk gallany öndürýän pudagyň ösdürilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter