Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

опубликованно 25.06.2020 // 216 - просмотров
 

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň onlaýn tertipde geçirilen 19-njy mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlary hem-de geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa köptaraplaýyn görnüşde hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen üstünlikli ösdürilýär.

Şu günki duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň degişli ugurdaş düzümleriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, hususy ulgamlarda we beýleki geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bilelikdäki işiň netijelerini, özara haryt dolanyşygynyň ýagdaýyny seljerdiler we ony artdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şunuň bilen birlikde, energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, oba hojalyk toplumynda, şeýle hem ynsanperwer ulgamda we ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar sanly ulgama geçmek ýaly wajyp meselä üns berdiler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleri bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 koronawirusynyň pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek hem-de onuň makroykdysady ýagdaýa täsiriniň öňüni almak boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şu maksat bilen, taraplar tejribe, tehnologik we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.

Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar bilim we saglygy goraýyş ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şol ulgamlarda hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünärini ýokarlandyrmaga, degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýewropa Bileleşiginden hyzmatdaşlar bilen oba hojalyk ulgamyndaky gatnaşyklar hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny iş tejribesine işjeň ornaşdyrmaga, esasy ugurlarda telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilendir.

Mejlisiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ekologiýa meselesine hem deglip geçildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýändigini bellemek gerek. Şol meseleler milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalary bilen berk baglanyşyklydyr.

Bellenilişi ýaly, indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi milli hem-de sebit taslamalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem indiki ýyl «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 20-nji mejlisini geçirmegiň deslapky möhleti bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter