Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry täze işini - «Nejep oglan» operasyny görkezdi | TDH
Medeniýet

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry täze işini - «Nejep oglan» operasyny görkezdi

опубликованно 26.06.2020 // 154 - просмотров
 

Medeniýet hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen edebi işinde saz sungatynyň ägirt uly ähmiýetini türkmenleriň ruhy mirasy hökmünde açyp görkezýär, halkymyzyň kalbyny we dünýägaraýşyny şöhlelendirýän her bir halk eseriniň täsinligini nygtaýar.

Taryhy köklerimize sarpa goýmaga ýugrulan hem-de bagşyçylyk sungatynyň geljeginiň has-da nurana boljakdygy barasynda ynama guwanja beslenen täze sahna oýnunda ussatlar bilen birlikde, ýaş artistler hem hereket edýärler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter