Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

опубликованно 27.06.2020 // 295 - просмотров
 

Hormatly watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Mähriban Watanymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşygy giň gerimler bilen alnyp barylýar.

Häzirki döwürde biz döwletimiziň kanunçylyk we hukuk tertibini üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris. Munuň şeýledigini ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler hem doly subut edýär. Garaşsyz ýurdumyzda alnyp barylýan bu işler, ähli raýatlarymyz bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärlerini hem döredijilikli zähmete, belent maksatlara ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetmegine medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar.

Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gelip çykýan aýdyň wezipeleri, tutumly işleri çeper wasp etmekde, watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli giň gerimli işlere ruhlandyrmakda, medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmekde medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, bagşy-sazandalaryň, artistleriň, suratkeşleriň, muzeý, kitaphana, kino, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, folklor, tans toparlarynyň agzalarynyň döredijilikli zähmetine, zehin-başarnyklaryna aýratyn hormat goýýarys, olaryň netijeli işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri döredýäris.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli şu ýylda eziz Diýarymyzda guralýan medeni-köpçülikleýin çärelere medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar hem-de üstünlikli çykyş edýärler. Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekde, merdana ata-babalarymyzdan miras galan hoşniýetli däplerimizi, ynsanperwer ýörelgelerimizi durmuşa geçirmekde döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar. Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň bitewüligini şertlendirýär. Çünki, medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir!

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuň manysy bar. Bu şanly sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini has-da artdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan akyldarlarymyzyň, alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň sarpasyny belentde tutýarys, olaryň çuň pähim-paýhasa ýugrulan baý edebi mirasyny giňden öwrenýäris.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, kämillige, parasatlylyga eýlenen dürdäne goşgulary il-ýurda wepalylygyň beýik mekdebine öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň erkinlik, abadançylyk, agzybirlik baradaky belent arzuw-hyýallary häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly goşgulary dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip, agzybirligiň aýdymyna, ynsanperwerligiň owazyna, dost-doganlygyň senasyna öwrüldi.

Mähriban watandaşlar!

Mähriban Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň gadyr-gymmatyny halka ýaýmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň öňde goýan wezipelerini çeper beýan etmek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň mukaddes borjudyr. Häzirki döwürde biz teleradioýaýlymlaryň, gazetleriň we žurnallaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, habar beriş serişdelerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, žurnalistleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek babatda zerur işleri alyp barýarys. Medeniýet ulgamyny ösdürmek, habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek biziň öňe sürýän döwlet maksatnamalarymyzyň esasy özenini düzýär.

Mähriban halkym!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter