Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 27.06.2020 // 104 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polipropilen we polietilen («Türkmengaz» DK) Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň täjirleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümler, we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar Russiýa, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 113 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Ermenistanyň işewürleri jemi bahasy 18 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 29 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK), parafin gaç satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter