Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň medeniýet ministrine "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly at dakdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň medeniýet ministrine "Türkmenistanyň at gazanan artisti" diýen hormatly at dakdy

опубликованно 28.06.2020 // 184 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.A.Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini we hünär ussatlygyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Ozodbek Ahmadowiç Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter