Medeniýet, sungat we KHBS ulgamynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy | TDH
Medeniýet

Medeniýet, sungat we KHBS ulgamynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy

опубликованно 28.06.2020 // 223 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Şu ýyl bu möhüm çäräniň ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilmegi guralýan dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy. Munuň özi döwletimiziň medeniýet we sungat işgärleriniň çeper döredijiligine ägirt uly sarpa goýandygyny alamatlandyrýar diýip, milli Liderimiz belleýär.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda medeni syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmakda döredijilik işgärleriniň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşiginde parahatçylyk dörediji, özara peýdaly hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýan ýurt hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende götermekde medeniýet diplomatiýasyna aýratyn orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ähli döredijilik işgärleriniň alyp barýan wezipeleri häzirki döwrüň döredijilikli ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen ägirt uly tutumlaryny giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Paýtagtymyzdaky «Mizan» täjirçilik merkezinde geçirilen dabara döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň egsilmejek ruhy mirasy bolan medeniýetiň we sungatyň ösüşi, döredijilik işiniň höweslendirilmegi hakynda edýän aladasynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärlerine hormatly atlaryň dakylmagy we «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine abraýly sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli döredijilik işgärlerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda baýraklara mynasyp bolanlary şu günki waka bilen gutlap, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda olaryň belent sepgitleri eýelejekdiklerine we bu çäräniň döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda her ýylda geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň täze zehinleri ýüze çykarmakda we özboluşlylygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýan eserleriň döredilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany we «Türkmeniň Altyn asyry» umumymilli bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okalýar.

Döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar, ýazyjylar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri yzly-yzyna sahna gelip, uly hormat bilen sylaglary kabul edýärler. Olar döredijilik işi we hünär ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda döredilýän şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyş edenler bu sylagy diňe bir belent hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, beýleki milli aýratynlyklar bilen bir hatarda, umumadamzat ähmiýeti bolan sungatyň döredijilik we birleşdiriji güýjüniň nobatdaky subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtadylar. Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler täze döredijilik gözýetimlerini açýar. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etmäge bolan höwesiň ýokarlanýar diýip, ýeňiji bolanlar bellediler.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda zähmetlerine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň ruhy mirasyny baýlaşdyrmaga, doly derejeli döredijilik işi üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-gaýratyny, bilim-tejribeleri we ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra «Mizan» täjirçilik merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriniň, ýurdumyzyň saýlama döredijilik toparynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.

«Siz türkmeniň Gahrymany, Arkadag!» edebi-sazly kompozisiýa dabaranyň başlangyjyna öwrüldi. Ol mähriban Watanymyza, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli oňyn başlangyçlaryna, milli medeniýeti ösdürmäge gönükdirilen täze mümkinçiliklere bagyşlanan sena bolup ýaňlandy.

Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň köpugurly baýlygy, onuň dürli görnüşleri we döredijilik mekdepleriniň çykyşlary öz beýanyny tapdy. Artistleriň her bir çykyşy çeperçilik güýjüne eýe bolup, ol ýerine ýetirijileriň ýokary hünär ussatlygyny, artistleriň tomaşaçylara oňyn täsir etmäge bolan ukybyny açyp görkezdi.

Meşhur estradaçylar diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy däl, eýsem, dünýä halklarynyň çeperçilik derejesi hukugyna eýe bolan Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen eserleri uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Milli Liderimize bagyşlanan ajaýyp aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesi boldy. Onda dabara gatnaşyjylaryň buýsanç duýgulary, ýurdumyzda bagtyýarlygyň, döredijiligiň, parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk öz beýanyny tapdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter