Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi

опубликованно 28.06.2020 // 130 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda asyrlara ýaň saljak giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, eziz Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu beýik işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Bagtyýar zamanamyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler medeniýet we sungat ussatlaryna, döredijilik işgärlerine täze-täze eserleri döretmäge egsilmez ruhy ylhamy bagyş edýär.

Ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek, Döwlet baýdagy belentde pasyrdaýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan düýpli maksatnamalaryň halkymyza eçilýän eşretini dünýä ýaýmak, merdana watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan medeni mirasymyzy çuň öwrenip, döwrebap röwüşde dikeltmek, şöhratly taryhymyzyň täsin, syrly sahypalaryny ýüze çykarmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da kämilleşdirmek, döwrüň ruhy talaplaryna bap gelýän kämil eserler bilen baýlaşdyrmak döredijilik işgärleriniň öňünde esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine kämil eserleri döretmekleri, bagtyýar durmuşyň eşretini duýup ýaşamaklary, has-da döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerimiz şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, medeniýet ulgamynda täze rowaçlyklaryň gazanylmagy ugrunda has-da joşgunly zähmet çekýärler.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, çeperçiligi ýokary nakgaş eserlerini döretmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini we joşgunly zehinini nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Annaseit Ataýewiç Annamyradowa,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň Babarap obasynyň ýaşaýjysy, sazanda Durdymyrat Gazakowa,

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Almagül Kakabaýewna Nazarowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň artisti Dilber Jepbarkulyýewna Rahmanowa;

«Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Işanguly Döwletowiç Işangulyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň çeper dekoratiw we butaforçylyk bölüminiň müdiri Tatýana Ýakowlewna Pradana,

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň başlygy Gurbandurdy Tahyrowiç Saryýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgençisi, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen» jigitler toparynyň sahna ussady Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

20016-njy harby bölümiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň konsertmeýsteri Rahman Oraznepesowiç Rahmanowa;

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy Nurberdi Altyýewiç Hojaýewe,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk tansy bölüminiň mugallymy Nur Nabat Çaryýewna Gurbanowa,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Babamyrat Muhammedowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter