Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

опубликованно 28.06.2020 // 130 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalaryna beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde agzybir halkymyzyň sagdyn durmuşyny gorap saklamak, ýaşaýyş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, obadyr şäherlerimizi gülledip ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň milli köklere daýanýan medeniýeti we sungaty täze belentliklere göterilýär, döwrebap medeni-durmuş maksatly binalar, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, ähli pudaklara sanly ulgam ornaşdyrylýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň giňden bellenýän ýylynda ata Watanymyzyň taryhyndaky şanly, buýsançly wakalary, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik zähmet ýeňişlerini, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösüşini wasp edýän ajaýyp eserler yzygiderli döredildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerini, sporty we bedenterbiýäni wagyz edýän kinofilmleri, wideorolikleri, animasiýalary, multiplikasiýalary döretmekde täze tejribeler gazanyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň kalby buýsançdan püre-pür medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri — suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar, aýdymçylar, kompozitorlar, artistler, mirasy öwrenijiler türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösüşleriň täze sepgitlerine ýetirmekde yhlas-gaýratyny gaýgyrman, mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşige edebiýat we sungat işgärleriniň ençemesi yzygiderli gatnaşýar. Bu döredijilik bäsleşigi her ýylda ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmaga, döredijilik işgärleriniň hünär-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, türkmen sungatyny we edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ýardam berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, dünýä ýüzündäki belent at-abraýynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň asudalygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmäge netijeli goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:

1. Şu döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we şu baýraklar bilen sylaglamaly:

Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:

Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory Jennet Berdimyradowna Arazowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Halkara maglumat we metbugat departamentiniň baş habarçysy Swetlana Gennadýewna Çirsowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy Wladimir Pawlowiç Zarembony Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin:

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory Meretmuhammet Taňryberdiýewiç Geldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory Güljemal Möjekgeldiýewna Orazowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbansähet Atabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň jogapkär kätibi Çynar Baýryýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň «Miras» radioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ýazjemal Şahnazarowna Ýaýlymowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň «Watan» habarlar gepleşigi sehiniň I derejeli hünärmeni Röwşen Abaýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň «Owaz» radioýaýlymynyň habarlar we terjime bölüminiň Ahal welaýaty boýunça habarçysy Begmyrat Akmyradowiç Amangulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alym kätibi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň režissýorlar, suratçylar we beýleki işgärler toparynyň ses režissýory Göwher Baýgeldiýewna Gelenowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça drama artisti Döwletgeldi Çaryýewiç Berdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlary toparynyň ýokary derejeli artisti Kseniýa Nikolaýewna Raýewskaýany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy tans, halk döredijilik we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň Medeniýet merkezini (çeper ýolbaşçysy Myratgeldi Baýramberdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans-toparyny (baş çeper ýolbaşçysy Allaberdi Tagandurdyýewiç Nazarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Ruhubelent çagalar» tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Leýli Ýazyýewna Babaýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Maýsagül Gylyçmyradowna Eminowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkezini (çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanmyradowna Gurbanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparyny (topar ýolbaşçysy Läle Güýçgeldiýewna Durdyýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblyny (baş baletmeýsteri Maral Öwezgeldiýewna Aşyralyýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans toparyny (baş baletmeýsteri Didar Bäşimowiç Agaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrini (baş dirižýory Rasul Akmyradowiç Gylyjow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestrini (ýolbaşçysy Nury Muhyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor-tans toparyny (ýolbaşçysy Merdan Myratgulyýewiç Abaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň «Dürdäne» folklor toparyny (ýolbaşçysy Merdan Hudaýberdiýewiç Orazmämmedow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparyny (çeper ýolbaşçysy Saryýa Karahanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Hazar şäher medeniýet bölüminiň «Akjaýar» halk folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Gülnabat Pazylowna Aýmämmedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň birleşen dessançy bagşylar toparyny (ýolbaşçysy Wepa Dädebaýewiç Nurmuhammedow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň medeniýet merkeziniň «Lebap» tans toparyny (baş baletmeýsteri Altybaý Imamowiç Turdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň medeniýet merkeziniň «Sanjar owazlary» tans toparyny (baletmeýsteri Ýazgeldi Meretdurdyýewiç Bäşimow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

20016-njy harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestrini (orkestriň müdiriniň orunbasary Merdan Çowdyrbaýewiç Buzlyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparyny (ýolbaşçysy Şöhrat Goçgeldiýewiç Ataýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparyny (ýolbaşçysy Orazmuhammet Aşyrmuhammedowiç Gündogdyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat;

Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Atajan Beşimowiç Berdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebitgazhyzmat» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparynyň aýdymçysy Eldar Çarykulowiç Ahmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Annaguly Aşyrgeldiýewiç Myratdurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Gülşat Baýramowna Gurdowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Suhanberdi Nurberdiýewiç Orazberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Parahat Artykowiç Amandurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Sahydursun Aşyrowna Hojakowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň 1-nji derejeli artisti Nurýagdy Sapardurdýewiç Rejepowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Söhbet Muhammetgulyýewiç Kasymowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artisti-wokalisti (solisti) Tirkeş Gurbanbaýewiç Mätnazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Zylyha Ballyýewna Kakaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Akmuhammet Amanowiç Saparowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Begmyrat Jumadurdyýewiç Annamyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Gylyçdurdy Hojagylyjowiç Durdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Bäşim Ilmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Azat Ahmedowiç Dönmezowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Seýitguly Gapurgulyýewiç Tulegenowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor-tans toparynyň II derejeli artisti Guwanç Kakadurdyýewiç Ýazmämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor-tans toparynyň II derejeli artisti Ahmet Töräýewiç Atajanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor-tans toparynyň II derejeli artisti Rahman Hudaýberdiýewiç Hudaýberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşligindäki Gara oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Azat Amanmuhammedowiç Oramadowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Meýlis Aşyrgeldiýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Mekan Aşyrgeldiýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň halk saz gurallary bölüminiň müdiri Altymyrat Pürmämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň estrada we orkestr toparynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Atajan Ýakubowiç Eýýubowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Arzuwgeldi Möwlamberdiýewiç Hudaýberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite fortepiano kafedrasynyň dosenti Orazgül Sahatowna Annamyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Kerwen Bäşimyradowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Akmämmet Gurbannyýazowiç Tatowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, sazanda Saparmyrat Dörtgulyýewiç Teşnidowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, sazanda Nazar Durdymyradowiç Hallyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Omar Mamatowiç Igamowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, taslama-bezeg işleri üçin:

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabathyzmat» önümçilik birleşiginiň «Owadan» hyzmat ediş öýüniň milli tikinçilik bölüminiň tikinçisi Täzegül Saparowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň tikin önümçiliginiň tikinçisi Ogulşirin Geldimuhammedowna Çaryýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň proýektirlemek we rejelemek bölüminiň başlygy Meretgeldi Ataýewiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri goramak we rejelemek bölüminiň müdiri Döwletgeldi Hakmyradowiç Öwezowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Azatgeldi Akmyradowiç Baýramowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Röwşen Gurbansähedowiç Annamyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň «Köneürgenç» bölümçesiniň müdiri Ysak Asgarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň «Guşly gölli» atly halyny dokan toparyny (12 adam, ýolbaşçysy Nurjemal Bäşimowna Amangeldiýewa) 8 400 (sekiz müň dört ýüz) manat;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň «Gämi şekilli» atly halyny dokan toparyny (101 adam, ýolbaşçysy Ogulbossan Hojagurbanowna Garaganowa) 70 700 (ýetmiş müň ýedi ýüz) manat;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň «Guşly gölli» atly halyny dokan toparyny (15 adam, ýolbaşçysy Saşly Çitliýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň «Pyşbaga gölli» atly halyny dokan toparyny (6 adam, ýolbaşçysy Annagül Pirjikowna Padarowa) 4 200 (dört müň iki ýüz) manat;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň «Trapesiýa» atly halyny dokan toparyny (44 adam, ýolbaşçysy Gülälek Jumamuradowna Gurbanseýidowa) 30 800 (otuz müň sekiz ýüz) manat;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň «Trapesiýa» atly halyny dokan toparyny (48 adam, ýolbaşçysy Aýgül Hudaýberenowna Mallakowa) 33 600 (otuz üç müň alty ýüz) manat;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň «Garlak gölli» atly halyny dokan toparyny (4 adam, ýolbaşçysy Enegyz Körowna Amannazarowa) 2 800 (iki müň sekiz ýüz) manat.

2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 574 000 (bäş ýüz ýetmiş dört müň) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter