Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Oňyn häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde özara goldawyň möhümligi bellenildi hem-de ony dowam etmäge ikitrapalaýyn gyzyklanma bildirildi.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylanda koronawirus pandemiýasyna garşy durmak boýunça utgaşykly iş alyp barmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şu jähtden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň keseli bejermek we onuň öňüni almak usullary, derman serişdeleri we enjamlary, şahsy goraglylyk serişdeleri babatda yzygiderli tejribe, bilim we maglumat alyşmak üçin ylym diplomatiýasynyň gurallaryny çekmek, şol sanda alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmek boýunça başlangyjynyň wajyplygy bellenildi.

Hytaý tarapy Türkmenistanda ýiti ýokanç keseline garşy durmak üçin taýýarlygyň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine we dessin çäre görlüşine ünsi çekdi, bu bolsa Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde giňişleýin halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygyny subut edýär.

Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylary iki ýurduň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli we hususy pudagynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň hem-de gepleşikleriniň möhümligini bellediler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter